ÖZGERÝÄR, ÖSÝÄR ÝURDUMYZ, SIZ WATANA ŞAN, ARKADAG!

Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda we toplumlarynda gazanylýan üstünlikler bagtyýarlyk döwrümiziň şanly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýar

ARKADAGYŇ SUNGATY SEN, AŞGABAT!

Bagtyýar zamanamyzda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez yhlasy, öňdengörüjiligi hem-de paýhasy bilen paýtagtymyz Aşgabat gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiziň gözel künjekleri — seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary bilen haýrana goýýar. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan ilkinji şäherleriň biridir. 2016-njy ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy.

Ozal hem Aşgabadyň gaýtalanmajak täsinliklerine bu kitapdan ýer berlipdi: 2008-nji ýylda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet muzeýiniň öňündäki Türkmenistanyň Döwlet baýdak sütüni, 2010-njy ýylda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän «Oguzhan we onuň ogullary» suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, 2012-nji ýylda «Älem» medeni-dynç alyş merkezi we «Bagt köşgi», 2016-njy ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili, 2017-nji ýylda Aşgabat Olimpiýa stadiony hem-de Olimpiýa suw-sport toplumy.

Aşgabadyň gözellikleri munuň bilen tamamlanmaýar. Olimpiýa şäherçesi, «Ylham» we «Aşgabat» seýilgähleri, «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üstüni ýetiren «Welosiped» monumenti, «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş toplumy... Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Ýakyn wagtda baş şäherimiziň demirgazygynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30 — 35 gatly binalaryň gurluşygyny özünde jemlejek «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumy peýda bolar. Bu bolsa paýtagtymyzyň at-owazasyny has-da belende göterer.

YKDYSADYÝET, MALIÝE WE BANK ULGAMLARY

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» durnukly ykdysady ösüşiň esasy maksatlaryny, wezipelerini we ugurlaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu maksatnamany amala aşyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ministrligiň esasy wezipeleri maliýe we ykdysady amallary ýerine ýetirmekden, ykdysadyýeti seljermekden, Döwlet býujetini işläp düzmekden, nyrh, maýa goýum, salgyt syýasatlaryny alyp barmakdan, ätiýaçlandyryş we beýlekilerden ybaratdyr. Bu işleriň ählisi raýatlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkymyza dürli eýeçilige degişli birnäçe banklar, milli «Altyn asyr» we «Milli kart» bank kartlary, «VISA», «MasterCard» halkara töleg kartlary, «Western Union» we «Money Gram» halkara pul geçirim ulgamlary hyzmat edýär. Şeýle-de ähli ulgamda sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy bilen nagt däl hasaplaşyklar ýola goýulýar, «Internet bank», «Mobilbank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly hyzmatlar hödürlenýär.

Ata Watanymyz dünýä bileleşiginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde halkara ykdysady taslamalary durmuşa geçirilýär. Muny ýurdumyzda 2 sany daşary ýurt bankynyň şahamçasynyň bolmagy, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyklar hem tassyklaýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe ulgamy döwlet derejesinde kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ösüş ýoluny geçýär. Olardan «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýatlap bileris.

OBA HOJALYK TOPLUMY

Ýurduň esasy hereketlendiriji güýjüni düzýän ulgamlaryň biri bolan oba hojalyk toplumynyň bagtyýarlyk döwrümizdäki oňyn ösüşleri guwandyryjydyr. Milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan agrar syýasatyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, biodürlüligi gorap saklamak, ýurdumyzyň ilatynyň, ykdysadyýetiniň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Muňa döwletimiziň Milli ösüşini kesgitleýän jemgyýetçilik-durmuş, suw hojalyk, ekologik meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryň biri bolan «Altyn asyr» Türkmen köli aýdyň şaýatlyk edýär. Bu kölüň, şeýle hem onuň şor suw akabalar ulgamynyň ugrunda biodürlüligiň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşi yzygiderli artyp başlady. Ozal sebitde olaryň 200 görnüşi bolan bolsa, häzirki wagtda 250 görnüşi hasaba alyndy.

Toplumyň düzümindäki «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, bu tohumy kämilleşdirmek, onuň ajaýyp tohumçylyk we sport häsiýetlerini ösdürmek bilen meşgullanýar, bütin dünýäde ahalteke atşynaslygyny ösdürmek işinde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan agrar syýasat, suw diplomatiýasy, daşky gurşawy goramak, ahalteke atşynaslygyny ösdürmek meseleleri bilen baglanyşykly giň gerimli işler bütin dünýä üçin görelde bolup, umumadamzadyň geljegine gönükdirilendir.

NEBITGAZ TOPLUMY

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. «Türkmengaz» döwlet konserni arkaly gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Üç ugurdaş şahalary öz içine alýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijileri munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň, 2019-njy ýylyň iýunynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanylmaga berilmegi şanly waka öwrüldi.

Bellemeli zat, öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalary jemleýän «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan birnäçe nebitli-gazly ýataklar işlenilýär. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda nebitgaz ýataklarynyň 600-den gowragy mälimdir we bu meýdançalaryň 30-a golaýy ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan gury ýerde we Hazar deňziniň türkmen böleginde jemlenen uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly möçberlerine eýedir. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilermenleriniň baha bermeklerine görä, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberi 71,2 mlrd tonna şertli ýangyja deňdir. Onuň 53 mlrd tonnasy gury ýerde, 18,2 mlrd tonnasy bolsa Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşendir.

Netijede, ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolmak bilen, ýurdumyz dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa nebitgaz önümlerini ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär.

GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMY

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. «Türkmengaz» döwlet konserni arkaly gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Üç ugurdaş şahalary öz içine alýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijileri munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň, 2019-njy ýylyň iýunynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanylmaga berilmegi şanly waka öwrüldi.

Bellemeli zat, öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalary jemleýän «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan birnäçe nebitli-gazly ýataklar işlenilýär. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda nebitgaz ýataklarynyň 600-den gowragy mälimdir we bu meýdançalaryň 30-a golaýy ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan gury ýerde we Hazar deňziniň türkmen böleginde jemlenen uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly möçberlerine eýedir. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilermenleriniň baha bermeklerine görä, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberi 71,2 mlrd tonna şertli ýangyja deňdir. Onuň 53 mlrd tonnasy gury ýerde, 18,2 mlrd tonnasy bolsa Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşendir.

Netijede, ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolmak bilen, ýurdumyz dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa nebitgaz önümlerini ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär.

GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMY

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz boýunça bina edilen dürli desgalar dünýä derejesinde ykrar edilip, abraýly halkara guramalarynyň sertifikatlaryna we diplomlaryna eýe boldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurdumyzda gurluşyk işi babatda döwlet syýasatyny hem-de ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda gurluşyk toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasydyr. Ministrligiň düzümindäki gurluşyk kompaniýalary, müdirlikler we beýleki guramalar durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslama işlerini düzmek, geologiýa-gözleg hem-de topografik, inženerçilik ulgamlarynyň we abadanlaşdyrmak işlerini amala aşyrýarlar. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, ýurdumyzdaky gurluşyk işlerine hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ynanylan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasyny we «Oguz ýoly», «Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetlerini, welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň gurluşygyny alyp barýan «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetini, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk saklaýan beýleki kärhanalary görkezmek bolar.

Häzirki döwürde döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi gurluşyk harytlaryny öndürýän esasy pudakdyr. «Türkmenistanda öndürildi» belgi bilen ýokary hilli ýerli sement, aýna, demir, çagyldaş, kerpiç, mermer we beýleki gurluşyk önümleri öndürilýär hem-de içki bazarlara iberilmek bilen birlikde, daşary ýurtlara eksport edilýär. Ministrligiň düzümindäki kärhanalaryň önümçiligine diňe gurluşyk materiallary degişli bolman, eýsem, nebitgaz we energetika pudagy üçin enjamlar hem-de ätiýaçlyk şaýlar hem öndürilýär. «Türkmenmaşyngurluşyk» önümçilik birleşigi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti adaty we LED çyralaryň, dürli ölçegli telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy. Geljekde hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen hyzmatdaşlykda Wi-Fi, Jpon elektron enjamlarynyň, IP týunerleriniň önümçiligini ýola goýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant bolar.

Energetika pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. 2013-nji ýyldan bäri 6 sany kuwwatly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Geçen ýyl Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň, şeýle hem Büzmeýin etrabynda guruljak Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Energetika ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde gurluşygyna ýaňy-ýakynda badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem ähmiýeti uly bolar.

ULAG WE KOMMUNIKASIÝA TOPLUMY

Toplum «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliklerini öz içine alýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi halkymyza öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlaryny, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini hödürleýär. Häzirki wagtda sebit we sebitara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde transmilli demir ýol geçelgeleri bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgeleri Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek üçin mynasyp goşant goşýar. Şeýle-de agentlik tarapyndan demir ýoluň ýolagçylary üçin internet arkaly (onlaýn) ýol petegini satyn almaga mümkinçilik döredildi.

Ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň desgalarynyň tehniki häsiýetleriniň aýratynlyklary Halkara Raýat Awiasiýasy Guramasynyň (IСAO) ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki günde ýurdumyzyň howa giňişliginde Howa gatnawyny dolandyrma gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär. Laçyn nyşanly milli howa gämileri Abu-Dabi, Alma-Ata, Ankara, Bangkok, Birmingem, Frankfurt, Deli, Dubaý, Minsk, Moskwa, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg we Kazan ugurlary boýunça halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň tehniki parky düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak hyzmatlary netijeli ösdürilýär. Täze şäherara we şäheriçi ugurlary açylyp, gatnawlaryň gerimi giňeýär.

Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgesi bolup durýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň dünýä bazarlaryna çykmagyna giň mümkinçilikleri berýär. Täze port 152 gektara barabar meýdany eýeleýär we bir wagtda 17 gämä, ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmegiň hötdesinden gelýär. Portuň ýük geçirijilik ukyby, nebit önümlerini hasaba almazdan, 17 million tonna barabardyr. Onuň çägindäki «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň ýylda 12 müň tonna demri işläp taýýarlamaga, 4 gämini gurmaga we 20 gäminiň abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçiligi bar.

BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT ULGAMLARY

Türkmenistanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň düşünjeli, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesilleri kemala getirmek babatdaky düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Gysga döwrüň içinde häzirki zaman edaralary — orta, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bina edildi. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ministrlikleriň we edaralaryň ylmy institutlarynda, merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň, tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglar alnyp barylýar. Aýratyn-da, alym Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi sebitde ýeke-täk köpugurly ylmy-tehnologik edaradyr. Bu edara innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige ornaşdyrmak, şeýle hem zehinli ýaşlary ylmy-tehnologik işlere çekmek babatynda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary hereket edýär. Olaryň öz kärine ussat hünärmenler bilen üpjün edilmegi ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşalyp alynmagyna ýardam berdi. Ilatymyzyň saglygyny goraýyş ulgamy bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamlary hem ösdürilýär. Gysga döwrüň içinde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalarynyň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Esasan-da, ýaşlarymyzyň sporta, bedenterbiýä bolan höweslerini artdyrmak üçin döwlet we halkara derejelerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça iri ýaryşlar guralýar, olarda ýaşlarymyz işjeňlik görkezýärler. Şeýle hem geçirilýän halkara sport çärelerinde toplanan oňyn tejribe arkaly Türkmenistan bu çäreleri guramaga we geçirmäge ukyply ýurt hökmünde özüni dünýä tanatdy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň kemala gelendigini uly buýsanç bilen bellemelidiris.

MEDENIÝET ULGAMY

Medeniýet irki döwürlerden bäri halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň täze ulgamy kemala geldi, milli medeniýetimiziň ruhy binýady has-da baýlaşdy. Şoňa görä, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Munda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem dostlukly döwletleriň ýurdumyzda geçirýän Medeniýet günlerine möhüm orun degişlidir. Bu halkara medeni çäreler dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan dost-doganlyk ýörelgelerimizi ösdürmäge täze badalgalar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda döwlet we jemagat kitaphanalarynyň 230-sy hereket edip, kitaphanalaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň jemi 10 million 900 müňden gowragy bar. Milli taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen häzirki wagtda 36 sany döwlet muzeýi bolup, bu muzeýleriň gaznasynda jemi 338 müňden gowrak muzeý gymmatlygy goralyp saklanylýar. Şeýle hem milli teatr, kino, aýdym-saz, binagärlik sungatymyzy ösdürmek, teleradioýaýlymlarymyzyň alyp barýan işini has-da kämilleşdirmek boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär, ruhy gymmatlyklarymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär. Mysal hökmünde 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigini aýdyp bileris.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanylýan we çap edilýän neşir önümleri, okuw, çeper hem-de beýleki kitaplary özleriniň çeperçilik-tehniki bezegi, ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Umuman, medeniýet ulgamynyň ösüşi raýatlarymyzyň medeni-aň ösüşiniň aýdyň görkezijisidir.

SÖWDA TOPLUMY

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri söwda-ykdysady gatnaşyklar bolup durýar. Amatly geosyýasy çatrykda ýerleşýän Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen ähli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halkara giňişliginde barha ösmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Muňa geçen ýyl ministrlik bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny ösdürmek» atly resminama gol çekilmegi mysal bolup biler. Şeýle-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň azyk önümlerini öndürýän kärhanalary ISO hem-de HACCP sertifikatlaryna eýedir, «Gülüstan» döwlet söwda merkeziniň bolsa internet dükany ilata hyzmat edip başlady.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Olarda matalaryň dürli görnüşleri, halylar hem-de harby we hukuk goraýjy edaralar üçin ýörite matalar öndürilýär. Dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär. Olaryň hatarynda «Bedew», «Gala», «Ýeňiş», «Goza» ýaly haryt nyşanly önümler, gündelik durmuşda ulanylýan süpürgiçlerdir beýleki harytlar daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýarlar. Ministrlige degişli dokma toplumlarynyň aglabasy ISO sertifikatlaryna eýedirler.

Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasy hem ISO 9001 ölçegine kybap gelýän sertifikata eýe bolmak bilen, ýurdumyzda eksport-import amallaryny ýerine ýetirýän esasy edaradyr. Häzirki wagtda Biržanyň söwdalarynda türkmen önümçiliginiň 40-dan gowrak ýurduna harytlary ýerlenilýär. Olaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň, himiýa senagatynyň, dokma we oba hojalygy pudagynyň önümleri daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýerli önümleriň daşary ýurt bazarlarynda ilerledilmegine ýardam berýärler. Pekin, Dubaý, Wena şäherlerinde TSTB-niň wekilhanalary, Bişkek, Tbilisi, MazaryŞerif şäherlerinde bolsa söwda dükanlary hereket etmek bilen hususy pudagyň önümleriniň eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär.

Ka­ka­jan ÇA­RY­ÝA­ROW, Da­wut AS­GA­ROW,

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl ta­lyp­la­ry,

“Nesil” gazeti,

27.06.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014