TÜRK­MEN DIP­LO­MA­TI­ÝA­SY­NYŇ TÄ­ZE ÝEŇ­ŞI:

BE­LENT YNA­MA JO­GAP­KÄR­ÇI­LIK, ASYL­LY MAK­SAT­LA­RA ÇEL­GI

Peý­da­ly adam­dy­gy­ňy duý­mak go­wy. Maş­ga­la­ňa, dost-u-ýa­kyn­la­ryňa, Wa­ta­ny­ňa peý­da­ly­dy­gy­ňy duý­mak ýa­kym­ly duý­gy. Ýö­ne öz Wa­ta­nyň dün­ýä yk­ba­ly­na, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ra da­hyl­ly­dy­gyny duý­mak, duý­gu­la­ryň arzylysy-seresi, me­ge­rem! Bu gün­ki gün Türkme­nis­tan Ze­mi­niň pa­ra­hat ýa­şaý­şy ha­kyn­da­ky arzuw-niýetleri köň­lünde bes­län mil­li Li­de­ri­niň ne­ti­je­li tek­lip­dir baş­lan­gyç­la­ry bi­len dün­ýä­niň goý­nu­na asu­da­ly­gyň nu­ru­ny çaý­ýan döw­let hök­mün­de özü­ni yk­rar et­dirdi. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ýur­du­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji sessi­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy ha­kyn­da­ky ge­lip gow­şan hoş ha­bar bu ha­ky­ka­ty ýe­ne-de bir ge­zek dün­ýä buş­la­dy. Göz­leri­mi­ziň gö­re­ji­ne, ba­şy­my­zyň tä­ji­ne de­ňel­ýän eziz Wa­ta­ny­my­za, dün­ýä­de yk­rar edi­len mil­li Li­de­ri­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy has-da art­dyr­dy.

Şahy­ra­na dil­de, çe­per­leş­di­rip: «Günlerimiz günlerden zyýada gelýär» diýen jümläni ýygy-ýygydan ulanýarys. Il-ulsumy­zyň bag­ty­ýar­ly­gy, ýur­du­myzyň asu­da­ly­gy, ýü­re­gi el­my­da­ma «Hal­kym!» di­ýip ur­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­len hal­ky­my­zyň jebis­li­gi, şol bi­te­wü­lik­den ro­waç alýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz­da ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler, ga­za­nylýan üs­tün­lik­ler, ha­ky­kat­dan-da, her gü­nü­mi­ziň bi­ri-bi­rin­den zy­ýat gelýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň we­laýat­la­ry­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, rys­gal-be­re­ket­li gal­la meý­dan­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy bi­len tan­şan pur­sat­la­ry­na da­hyl­ly bo­lan gün­le­ri­mi­ziň, ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň özü­niň py­gam­ber ýa­şy­na ýet­megi my­na­sy­bet­li ak­go­ýun toý sa­daka­sy­ny be­ren pur­sat­la­ry­nyň, mil­li Li­de­ri­mi­ziň dog­lan gü­nü­niň şany­na giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ryň ýaýbaň­lan­dy­ry­lan gü­nü­niň ýakymy-ýalkymy Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ga­za­ny­lan ajaýyp üs­tün­li­giň hoş ha­ba­ry bi­len ut­gaş­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň sessi­ýa­la­ry­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na altyn­jy ge­zek saý­la­nyl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly hemde dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat stra­tegi­ýa­sy­na bil­di­ri­len ýo­ka­ry yna­myň aý­dyň ny­şa­ny, oňyn bi­ta­rap­lyk we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rine esas­lan­ýan türk­men dip­lo­ma­ti­ýasy­nyň no­bat­da­ky ýeň­şi­dir, mer­te­be­li menzilidir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ra hemde seçip alan ugruna laýyklykda, döw­le­ti­miz da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­giýa­syn­da dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bilen gat­na­şyk­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn esasda hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Millet­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de maksa­dala­ýyk we yzy­gi­der­li ös­dür­ýär» diý­mek bi­len, ýur­du­my­zyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len stra­te­gik de­re­jä çyka­ry­lan hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zirki döw­rüň me­ýil­le­ri­ni na­za­ra alyp, has-da gi­ňelt­mek ug­run­da ta­galla ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň esa­sy we ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­lik­le­ri bi­len ýo­la go­ýan gat­na­şyk­la­ry se­bit­de we dün­ýä­de howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga, ýurt­la­ryň ara­syn­da öza­ra yna­my ber­kit­mä­ge, pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ber­karar et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze­çe çeme­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýada Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýunça se­bit mer­ke­zi­niň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan aç­mak ba­ra­da öňe sü­ren pi­ki­ri­niň se­bit ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­ma­gy Öňü­ni alyş dip­lo­mati­ýa­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyrmak­da öň­den­gö­rü­ji­lik­li, tä­ze­çil başlan­gyç bo­lan bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­synda hä­zir­ki za­ma­nyň der­wa­ýys mese­le­le­ri­niň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len 13 sa­ny Ka­rar­na­ma dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ýur­dumy­zyň ab­raý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gö­te­ril­me­si­dir, bü­tin adamza­dy tol­gun­dyr­ýan me­se­le­le­ri bi­lelik­dä­ki ta­gal­la­lar esa­syn­da çöz­mä­ge ça­gy­ryş­dyr.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da — «Türk­me­nis­tan — Bita­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýurdu­my­za BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 75-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ýa­ly jo­gap­kär­li we­zi­pe yna­nyldy. Ýe­ri ge­len­de, 2019-njy ýy­lyň 12-nji sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýasy­nyň 106-njy umu­my mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­langy­jy bi­len «2021-nji ýy­l — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Karar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edilen­di­gi­ni aýt­mak ge­rek. Diý­mek, gel­jek 2021-nji ýyl ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da has aý­gyt­ly he­mem mö­hüm ýyl­la­ryň bi­ri bo­lar. BMG-niň Baş As­samb­le­ýasy­nyň 75-nji ses­si­ýa­syn­da wi­se-baş­lyk­lyk et­mek bi­len, Türk­me­nis­tan üçin «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­ly» bi­len bag­ly top­lum­laýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­ga hem oňyn müm­kin­çi­lik dö­rär. As­lyn­da, häzirki zaman dünýäsinde «parahat­çy­lyk» hem-de «yna­nyş­mak» di­ýen dü­şün­je­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýete, Ýer ýü­zü­niň aýry-aýry se­bit­lerin­de dur­nuk­syz­ly­gyň do­wam edýän, giň geog­ra­fi­ki çäk­le­ri gur­şap alyp, pan­de­mi­ýa de­re­je­si­ne ýe­ten COVID-19 ýo­kan­jy­nyň äh­lu­mumy gün ter­ti­bin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ry eme­le ge­tir­ýän hä­zir­ki döw­rün­de bi­ba­ha gym­ma­ta eýe­dir. Şun­da ýurt­la­ryň­dyr halk­la­ryň birek-bi­rek bi­len ýakynlaşmagy-ysnyşmagy, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da öza­ra yna­myň ber­ki­dil­me­gi, Durnuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň el-ele be­rip amal edil­me­gi der­wa­ýys wezi­pe hök­mün­de öňe çyk­ýar. Mahla­sy, bü­tin adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len şu hi­li me­se­le­ler boýun­ça BMG-niň Baş As­samb­leýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den täze tek­lip­le­ri öňe sür­mek­de, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ýer ýü­zün­de pa­rahat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we durnuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nükdi­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ryň iş ýü­zün­de or­naş­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­mak­da, ýurdumyzyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gynyň çärýek asyr­lyk ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len paýlaş­mak­da gel­jek ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji sessi­ýa­syn­da wi­se-baş­lyk­lyk et­jek Türk­me­nis­tan üçin tä­ze müm­kinçi­lik­ler açyl­ýar. «Men dün­ýä­de para­hat­çy­lyk ha­kyn­da­ky tag­ly­mat­laryň bar­ha kä­mil­leş­me­gi­ni is­le­ýä­rin» diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ha­kynda­ky tag­ly­ma­ty­nyň öze­ni-de hut şu ugur­lar­da ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri amal etmekde jemlenýär.

Artykguly HOJABERDIÝEW,

“Nesil” gazeti,

07.07.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014