KITAP OKAŇ, KÄMILLEŞIŇ!

Äh­li zat ki­tap­lar­dan baş­lan­dy... Gyş­ky dynç al­şa öýe gaý­da­nym­da ki­tap oka­ma­gyň peý­da­sy ba­ra­da «Ne­sil» gazeti üçin nä­me­dir bir zat ýaz­ma­gy ha­ýyş edip­di­ler. Ýaz­jagy­my söz ber­dim, ýö­ne sö­züm­de ta­pyl­ma­dym. On­dan bä­ri ba­şagaý­lyk bi­len ýyl ýa­rym çe­me­si wagt ge­çip­dir. Ab­raý bi­len oku­wy ta­mam­lap, aý­dy­ly­şy ýa­ly, ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men de­re­je­si­ne-de ýet­dik. Az-kem dynç ala­ýyn di­ýip, paý­tagt­dan öýe ug­ra­dym. Öýe gel­se­mem gel­dim we­lin, ota­gym­da gat­bar-gat­bar bo­lup du­ran ki­tapla­ry gö­rüp, şo-ol be­ren wa­dam ýe­ne-de aňym­da atyg­sa­dy dur­dy...

Kitaplar, kitaply dünýä. Ol hakynda näçe gürrüň etseň-de, söhbetler asla soňlanmaz, megerem! Kitap okamagyň lezzeti, kitaply dünýäniň jadysy barada söz açmak isläp, häzirki daş-töweregimizi gurşap alan «elektron gurşawdan» birneme üzňeleşmegi göwnemakul bildim. Özüm-ä, dogrusyny aýtsam, sanaýmaly ýylyň içinde şeýle bir elektronlaşypdyryn welin, smartfonsyz, planşetdir netbuksyz ýaşaýşy asyl göz öňüme-de getirip bilemok indi. Hakykata göni seretsek, diňe meniň däl, gaty köpimiziň ýagdaýymyz şeýle ahyryn. Bu şeýle-de bolmaly aslynda! Bu döwrüň talaby, döwrüň öňe çykaran zerurlygy. Döwür bilen aýakdaş gadam urmakçy bolsaň, innowasion ösüşiň kanunalaýyklyklaryna boýun bolaýmaly. Ýöne ýene-de bir zat: döwür-dünýä hernäçe üýtgäp-özgerse-de, kitap diýen gymmatlyk baky ýaşaýar! Adamzat döräli bäri onuň Alyhezretleri sözüň, kitabyň gymmaty barha artmasa, arzysy gaçmaýar. Bu-da döwrüň, heňňamlaryň hakykaty.

«Ähli zat unudylsa-da, asla unudyl­ma­ýan gym­mat­lyk bar — ol medeniýet» diýen ýapon akyldarynyň pikirini has çuňlaşdyryp, medeniýetiňem özen-örkünde kitapdyr kitaply gatnaşyklar bar diýsek, öte geçdigimiz bolaýarmyka?! Ýöne adamyň dünýä akyl ýetirmeginde, medeniýetleşip, elita ýa-da intelligent derejä çykmagynda kitabyň ornunyň uludygyny-ha hiç kim inkär etmese gerek. Bu barada Maksim Gorkiý: «Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has oňat täsir edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär» diýip belleýär. Üstünlige eliň jübiňde ýetilmeýşi ýaly, kitapsyz hem ösüş-özgerişe, kämillige ymtylmak as­la müm­kin däl. Ki­tap­lar — jadyly dünýä. Onuň sahaplarynda dünýäniň ähli syry jemlenen. «A» harpdan başlap, Aýa çenli ýeten adamzadyň ähli gazanan üstünlikleriniňdir açyşlarynyň aňyrsynda, gürrüňsiz, kitaplar durandyr. Kitap, ozaly bilen, ynsanyň göz öňüne getirme ukybyny ösdürýär. Kitaply dünýä aralaşan okyjy sahypalaryň aňyrsynda beýan edilen wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, gahrymanynyň duýgulary bilen ýaşaýar, şatlygyna begenip, gynanjyna gamlanýar. Kitap — bi­le­si­ge­li­ji­li­gi art­dyr­ýar, hyýalbentligi ösdürýär. Şeýdibem, ynsanda daşarky dünýä hakynda, onuň täsinlikleri hakynda bilimlerdir özbaşdak garaýyşlar kemala gelýär.

Kitaby köp okaýanlar gyzykly söhbetdeşlerdir hem. Çünki kitap söz baýlygymyzy artdyryp, sözlük gorumyzyň üstüni doldurýar. Kitapdan ýüki ýetik ynsan pikirini doly we dogry beýan etmäge ukyply bolýar. Dünýä belli oratorlaryň, türkmençeleşdirip aýtsak, dilewarlaryň ýa-da suhangöýleriň hem kitaphon adamlar bolandygyny bilýäris. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamaly: kitaby köp okamak hemmeler üçinem peý­da­ly­dyr we­lin, žur­na­list­ler üçin ol has zerur. Halkaraçy hünärmen hök­mün­de da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bilen ençe ýola işleşip, gürrüňdeş bolýaryn. Bir gezek Türkmenistany özüniň ikinji Watany hasaplaýan hin­di žur­na­list­le­ri­niň bi­ri türk­menler barada, milli däp-dessurlarymyz, geçmiş taryhymyz hemem nusgawy şahyrlarymyz barada örän beletlik bilen gürrüň berdi. Özüň hakda özgelerden eşitmek ýakymly duýgy. Ýöne söhbetdeşligimiziň birtaraplaýyn gutarmagyny islemän, menem başaryşymça, hindi medeniýetinden bilýänlerimi aýdyp berdim, iki halkyň taryhynda uly yz galdyran Baýram handyr Abdyrahym han-hanan, Gandidir Neru baradaky gürrüňlerimi üns bi­len diň­län hin­di žur­na­lis­ti: «Sen örän oňat söhbetdeş, kitapdan ýüküň ýetik eken» diýip, aşa ýokary baha berdi. Şol öwgüli pursat üçin, ilki bilen, özümiň iň gadyrdan dost­la­ry­ma — ki­tap­la­ra sag­bol­sun aýdanym häzirki ýaly ýadymda...

Ki­tap — beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni artdyrýar. Munuň şeýledigini alymlar ylmy taýdan subut etdi: her gün 30 sahypa kitap okaýanlaryň beýnisiniň sözleýşe jogap berýän bölegi has işjeň ýagdaýda bolýar. Kitaby köp okamak sowatlylygy ösdürýär. Biz sahypalardaky sözleri wizual kabul ediş arkaly ýatda saklap, olaryň dogry ýazylyşyny öwrenýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýazuwda az ýalňyşlyk goýbermegimize täsirini ýetirýär. Alymlaryň birtopary kitap okamagyň adamyň dartgynlyk ýagdaýyny aradan aýyrmakda iň netijeli usullaryň biridigini aýdýarlar. Barlaglaryň netijelerine görä, dartgynlygy ýeňip geçmek üçin bary-ýogy 5-6 minut kitap okamak ýeterlik. Aýdym diňlemek, gezelenç etmek ýa-da gyzgynjak çaý içmek bilen deňeşdirilende, bu ýagdaýda kitabyň täsiri has ýokarydyr. Kitap okalanda dartgynlyk ýagdaýyna düşen adamyň bedenindäki myşsalaryň hereketi kadalaşýar, ýürek urşy rahatlanýar. Adamyň ýadyny ösdürmekde, ýat bilen bagly keselleriň döremek howpunyň öňüni almakda-da kitaba taý geljek bejergi ýokdur.

Ki­tap — ýü­rek­deş dost. Ol hiç haçan ýeke goýmaýar, islendik meseläniň çözgüdini sorap ýüz tutanyňda, seniň gullugyňda häzirdir. Ol seniň bilen tejribesini paýlaşýar, çykgynsyz ýagdaýda özüňi ele almaga, öz-özüňi tanamaga, ukyp-başarnygyňy bir ugra gönükdirmäge ýardam edýär. Okaýan kitabyna, gürrüňini edýän gahrymanlaryna seredip, ynsanyň içki dünýäsine aralaşyp bolýar. «Okan kitaplaryňy aýt, kimdigiňi aýdaýyn» diýilmeginiň özi-de, megerem, hut şunuň bilen baglydyr. Kitap hemişe ýolumyza şöhle saçýan sönmez çyragdyr. Hernäçe ýagtylyk eçilse-de, Günüň nurunyň egsilmeýşi ýaly, kitaplar hem bilimiň soňlanmaýan çeşmesidir. Bi­lim — ser­het­siz um­man. Şol ummana atarýan gäminiň küregi bolsa kitaplarda. Geliň, bilim ummanyny kürekläp ýüzüp, ýene bir tä­sin dün­ýä — kä­mil­li­ge ta­rap syýahata ugralyň!

AÝGÜL RAHYMOWA,

“Nesil” gazeti,

18.07.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014