DAŞARY YKDYSADY IŞ: ÝETILEN SEPGITLER, TÄZE ÖZGERTMELER WE MÜMKINÇILIKLER

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulmak bilen beýleki döwletler, halkara guramalar, maliýe we ykdysady düzümler bilen milli, sebit we dünýä derejesinde abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi bir tarapdan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly bolsa, beýleki bir tarapdan ähli derejede ýüze çykan hem-de täze ýüze çykyp biljek meseleleri çözmekde we olaryň öňüni almakda hökmany şertdir. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek we onuň netijeliligini gazanmak Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň strategik ugry hasaplanýar.

Häzirki wagtda «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek bilen bagly toplumlaýyn we maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar.

Bilşimiz ýaly, bu ugurda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 ― 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» tassyklanyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan bu maksatnama ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalary, maliýe we ykdysady düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 ― 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna», ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna, Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna doly laýyk gelýär. Maksatnama işlenilip taýýarlanylanda dünýäniň ykdysady giňişliginde hyzmatdaşlar bilen döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we bu ugurda ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeleri çözmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmak zerurlyklaryndan ugur alyndy.

Häzirki döwürde bu konseptual resminamany durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeler we öňde goýulan maksatlar geljekki ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we ähli babatda uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berer. Çünki maksatnamalaýyn esasda daşary ykdysady işi ösdürmek we gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýurdumyzda täze gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň gurulmagyna, örän baý gorlary bolan uglewodorod serişdeleriniň köp mukdarda çykarylmagyna we dünýä bazaryna iberilmegine, beýleki tebigy baýlyklaryň gaýtadan işlenilmegine, ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebaplaşmagyna, önümçilik kärhanalarynda sanly tehnologiýalaryň iň kämil görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna, halk hojalyk toplumynyň geljegi uly pudaklaryna maýa goýumlaryň giňden çekilmegine şert döreder. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşiniň we mukdarynyň artmagyna, olaryň eksport edilýän möçberiniň ýokarlanmagyna hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan taýýar önümleriň öndürilmegine oňaýly täsir eder. Bu babatda Türkmenistan döwletimizde giň mümkinçilikleriň bardygyny göz öňünde tutsak dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleri, halkara guramalary we karz edaralary, ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyz üçin örän amatlydyr.

Globallaşma hadysasynyň bolup geçýän häzirki döwründe Ýer ýüzünde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetine täsir etmek bilen daşary ykdysady işi ösdürmekde we halk hojalyk toplumynyň işini guramakda täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlik we gysga wagtda dünýä hojalyk ulgamyna özüniň oňaýsyz täsirini ýetiren COVID-19 ýokanjy halkara giňişliginde birnäçe meseleleri döretdi. Emma bu ýokanjyň dörän ilkinji gününden başlap biziň döwletimizde öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi we birnäçe çäklendirilmeleriň girizilmegi onuň ýurdumyza aralaşmagynyň we milli ykdysadyýetimize ýetirjek oňaýsyz täsiriniň öňüni aldy. Şunuň bilen baglylykda daşary ykdysady işi döwrüň talabyna laýyk guramak we ykdysady görkezijileriň ösüşiniň durnuklylygyny saklap galmak maksady bilen ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen şu ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020 ― 2021-nji ýyllar üçin Milli Maksatnama» kabul edildi. Ady agzalan Milli Maksatnama ýurdumyzda öňden hereket edýän beýleki maksatnamalara we konsepsiýalara laýyklykda işlenilip düzüldi. Ýokary ähmiýeti bolan bu Maksatnama COVID-19 ýokanjynyň, uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagynyň, dünýä bazarynda sarp edişiň, şol sanda halkara söwdanyň çäklenmeginiň we beýleki geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimiziň görkezijilerine ýetirjek göni we gytaklaýyn täsirini peseltmek we onuň öňüni almak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyndaky oňaýsyz ýagdaýlara garşy durnuklylygyny berkitmek we makroykdysady görkezijileriň dowamly ösüşini üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz durmuşa geçirilmeli çäreleri öz içine alýar.

Ýeri gelende bellesek, maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy şeýle çylşyrymly döwürde döwlet goldawyna zerurlyk duýýan hususy önüm öndürijilere, kiçi we orta telekeçilere oňyn görkezijileri gazanmakda we ykdysady işi kämil guramakda täze şertleri döreder. Munuň özi milli çäkde azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we import edilýän harytlara bolan baglylygy aradan aýyrmaga hem-de ahyrky netijede ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Hususan-da, maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeler we öňde goýulan maksatlar içerki mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga, halkara karz edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we dwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Şunuň netijesinde ýurdumyz syýasy taýdan durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi hem-de dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik, 100-den gowrak ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy we 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy boldy. Munuň özi milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary ykdysady işiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigini hakykat ýüzünde doly subut etdi.

Jumamyrat GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby,

“Nesil” gazeti,

23.07.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014