ERIK ÝAPRAGYNA EL ÝUWSAŇ...

Söz­ba­şy­ny ýal­ňyş oka­ma­dy­ňyz. Ha­ky­kat­dan hem, eri­giň ýap­ra­gy­na eli­ňi ýuw­saň, has peý­da­ly eken. Mu­ny il­kin­ji bo­lup, türk­me­nis­tan­ly ta­lyp gyz su­but et­di...

Tanyş boluň Ýaş alym!

Türk­men top­ra­gyn­da bi­hal ösüm­lik ýok. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli düýp­li en­sik­lo­pedik işi­ne ser sa­la­ny­myz­da hem göz ýe­tir­ýä­ris. Luk­man He­kim ba­ra­da­ky ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de ösüm­lik­le­riň «Wah, men py­lan der­diň dermany-da! Haýp, adam­lar mun­dan bi­ha­bar» di­ýip ah­myr çe­ken­di­gi aý­dyl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bol­sa bu düýp­li işin­de top­ra­gyň per­zent­le­ri­niň şol der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni me­sa­ňa açyp gör­kez­di. Bu ese­riň taý­syz äh­mi­ýet­le­ri­niň bi­ri hem on­da­ky mag­lu­mat­la­ryň tä­ze yl­my göz­leg­le­re çeş­me bo­lup dur­ýan­ly­gy­dyr. Yn­ha, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eri­giň peý­da­sy ba­rada ýa­zan­la­ry ta­lyp gyz Bä­gül Sy­la­bo­wa­nyň yl­my göz­leg­le­ri­niň gö­nez­li­gi­ne öw­rül­di.

Ýaprak diňe agajy bezänok eken

Erigiň miwesiniň, şäniginiň peýdasy barada hormatly Prezidentimiziň ensiklopedik işinde-de, Internet giňişliginde-de näçe diýseň maglumat bar. Asyl, görlüp oturylsa, bu sahawatly agajyň ýapragy hem bihal däl eken. Öňümizdäki sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde talyplygynyň dördünji ýylyna girişjek Bägül Sylabowa erik ýapragynyň düzümindäki bakterialara garşy göreşiji ingrediýenti almagy başaryp, ony sabyn önümçiliginde ulanmagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Şeýlelikde, türkmenistanly talyp gyzyň başlangyjy bilen antibakterial sabynlaryň täsirliligini ozalkysyndan ep-esli güýçlendirip bolar.

Bu ylmy gözleg we onuň netijesi ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmekde, ýerli çig mallaryň esasynda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply täze maddalaryň alnyş ýollaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp jogapdyr.

Çözgüt ― tebigy aýratynlyklary baýlaşdyrmak

Türkmen topragynda näme kän, erik agajy kän. Erigiň özi sähel salymda sowulsa-da, ýapraklary tä güýz şemaly gaýdyryp düşürýänçä, täsin şygyrdy bilen owaz edip durýar. Heniz orta mekdebiň okuwçysyka, has takygy, paýtagtymyzdaky dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde okap ýörkä, himiýa mugallymynyň ýolbaşçylygynda erigiň ýapragyndan alnan önümi bakteriýalara garşy sabynlarda ulanyp boljakdygyna göz ýetiren Bägül bu işe çynlakaý üns berdi. Okuw dersleriniň arasyndan himiýany aýratyn gowy görýän zehinli gyz ýerli mümkinçilikler bilen sabynyň bakteriýalary ýok edijilik güýjüni artdyrmagyň üstünde gije-gündiz işledi. Ol gündelik durmuşymyzda her gün birnäçe ýola ulanylýan antibakterial sabynyň tebigy aýratynlyklaryny baýlaşdyrmagyň mümkindigine göz ýetirdi. Munuň üçin onuň düzümini ýumşak bölekler bilen baýlaşdyryp bolar. Şeýle bölekler bolsa, hut, erigiň ýapragynda bar ekeni.

Bägül nädip başardy?

Bägül nämeden başlady? Ilki bilen, erigiň ýapragynyň düzüminde saklanýan antibakterial serişde bolan ingrediýenti bölüp aldy. Şol serişde düzümine goşulan sabyn bedeniň öýjüklerini dikeldiji, bakteriýalardan has täsirli goraýjy we antiseptiki häsiýetlere eýe bolýar. Üstesine, şeýle düzümli sabyn diňe bir bedenden bakteriýalary aýyrman, birnäçe wagtlap olaryň gaýtadan bedene ýokuşmagynyň hem öňüni alýar, ýagny goraýar.

Bägül bu işi iki tapgyrda alyp bardy. Birinji tapgyrda ol erigiň ýapragyndan gury ekstrakt aldy, ikinji tapgyrda bolsa şol ekstrakt sabynyň düzümine goşuldy. Elbetde, taýýar bolan önüm birnäçe gezek synagdan geçirildi.

Synaglar nähili netije berdi, bilýäňizmi? Sabyna şeýle garyndy goşulanda, bedende kesel dörediji howply bakteriýalaryň bäşisiniň (Staphylococcus aureus, Bacillus cereus, Microccus luteus, Enterococcus faecalis, Proteus) düýbünden ýok bolýandygy görüldi. Şeýle netijäni dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň önümleriniň hem diňe käbirinde görüp bolýar. Türkmenistanly talyp gyz bolsa şeýle güýçli täsir edip bilýän sabyny ýerli şertlerde hem taýýarlamagyň mümkindigi baradaky pikiri öňe sürdi. Ýok, bu diňe pikir hem däl, ol pikirini iş ýüzünde subut etdi. Üstesine-de şeýle görnüşli sabynyň zäherleýji häsiýeti ýok, ol ynsan saglygyna we daşky gurşawa düýbünden zyýansyz.

Tejribe-synag işleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň hemde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalarynda geçirildi. Bägülüň ylmy işine orta mekdepdäki we uniwersitetdäki mugallymlary hem-de Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgäri Parahat Şöwkedow ýolbaşçylyk etdi.

Bir gündäki goşa ýeňiş

Talyp gyz Bägül Sylabowa bu iş bilen şu ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli geçiren ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine gatnaşdy. Dört ugur boýunça geçirilen bäsleşigiň «Himiki tehnologiýalar, innowasion materiallar we energetika» ugry boýunça iň gowy iş diýlip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyp gyzynyň işi saýlanyldy. Ol bäsleşik sergisine işini «Tebigy antibakterial sabyn» diýen at bilen hödürledi.

― Bäsleşigiň sergi hökmünde geçirilmegi onuň esasy aýratynlygydyr. Biz öz taslama işlerimizi diňe bir eminlere däl, sergä gatnaşyjylaryň ählisine görkezdik. Gyzyklanmalar diýseň uly boldy ― diýip, Bägül ýeňişli günleri ýatlaýar.

Özi kiçigöwünlilik bilen dil ýarmasa-da, biz Bägülüň bu ylmy gözlegleriniň şol günlerde ikinji bir ýeňşi hem gazanandygyny öwrendik. Tämizlik serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan ýerli kompaniýalarynyň biriniň wekilleri talyp gyzyň täzeligi bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. Diýmek, onuň pikirleriniň önümçilige öwrüljek günleri hem indi uzakda däl.

Pikirlerden ― täze maksatlara

Ýöne Bägülüň öz göwnüne iş heniz gutarnykly däl. Bedenden howply bakteriýalaryň bäşisini aýryp bilen erik ýapragy näme üçin galan bakteriýalary hem aýyrmasyn. Belki, ýene bir zatlary özgertmelidir. Belki, beýleki ösümlikleriň ýapraklarynda hem şeýle häsiýet bardyr.

Şonuň üçin hem Bägül bu işini indiki ýyl ýaş alymlaryň bäsleşigine hem hödürlemekçi. Ýöne ol işi has kämilleşdirmegi maksat edinýär. Munuň üçin Bägülde ähli mümkinçilikler bar. Döwrümiz hem, hormatly Prezidentimiz hem ýaş alymlary hemişe goldaýar. Halypalaryň hem maslahatdyr ýardamy bilen ylmyň has çuňluklaryna aralaşyp bolaýmagy mümkin.

Iň uly ýeňiş öňde

Mundan iki aý çemesi ozal Aşgabatda geçirilen sergide köpleriň ünsüni özüne çeken iş ilkinji üstünligini, aslynda, Bägül heniz orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýarka gazanypdy. Heniz ilkinji tapgyrlardadygyna garamazdan, 2017-nji ýylda Malaýziýanyň Penang şäherinde geçirilen halkara taslama bäsleşiginde aşgabatly okuwçy gyzyň işi ikinji orna mynasyp görlüpdi. Işiň ähmiýetine şol bäsleşikde dünýäniň dürli döwletlerinden gelen alymlar hem ünsi çekipdi. Geçen üç ýylyň içinde has kämilleşdirilen iş uniwersitetiň 3-nji ýylynda okaýan eýesine ikinji bir üstünligi getirdi.

Ýeňişleriň has ulusy öňde. Islendik oýlap tapyşyň eýesi, şol sanda Bägül üçin hem öz işiniň adamlara peýda berip başlamagy iň uly ýeňiş. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, ol ýeňşiň gazanyljak günleri hem indi uzakda däl. Çünki hususyýetçiler Bägülüň ylmy gözlegleriniň esasynda sabyn öndürmek işine çynlakaý gyzyklanýarlar.

Bir öýde üç alym

Ylmy gözlegleriň netijeliliginde halypalaryň, mugallymlaryň hyzmaty hem uludyr welin, iň uly hyzmat maşgala bilen bagly. Bu babatda Bägül diýseň bagtly. Onuň ejesi Jeren Sylabowa paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgäri. Jigisi Sylap bolsa edil gyz dogany ýaly heniz orta mekdebiň okuwçysyka Malaýziýada geçirilen halkara taslama bäsleşiginden medal bilen dolanan. Mekdebi tamamlamanka, ýaş alymlaryň bäsleşiginde hem ýeňiji bolmaga ýetişen Sylap Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýylyny tamamlady. Ol hem ylmy gözleglerini dowam etdirýär. Indiki makalalarymyzyň birinde Sylap Sylabowyň hem ylmy gözlegleri barada has giňişleýin gürrüň bereris.

Şu günler bedenimizdäki bakteriýalary ýok ediji we bedeni olardan goraýjy sabynlar bütin dünýä üçin hem uly ähmiýete eýe. Kim bilýär, bir gün türkmenistanly ýaş alym Bägül Sylabowanyň ylmy gözleglerine esaslanýan sabyn hem Ýer ýüzüne ýaýrap, millionlarça, belki, milliardlarça adamyň saglygyny gorar. Hiç bir umyt esassyz döränok. Çünki ylma on iki süňňi, bar pikir-oýy bilen köňül beren türkmen ýaşlary dünýäni gowulyga özgerdip biljekdigini subut edýärler. Kim bilýär, bir gün...

Agageldi ITALMAZOW,

žur­na­list,

“Nesil” gazeti,

28.07.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014