BILIMLI NESIL-ÝURDUŇ DAÝANJY

“Döwlet adam üçindir!”diýen taglymaty öňe sürüp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýesine hem uly üns berýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, olaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. “Döwletimiziň baş aladasy  ýaş nesillerimiziň eşretli abadan we bolelin  durmuşda ýaşamagy, ylymly bilimli, il-güne peýdaly belent ahlakly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr” diýip milli Liderimiz nygtaýar. Mälim boluşy ýaly, döwlet baştutanymyz şu ýylyň 8-nji aprelinde saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça maslahat geçirdi we bilim ulgamynyň ähli ugurlarynda, şol sanda umumy bilim berýän orta mekdeplerde hem okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak we kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalary altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglamak, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy hakyny gowşurmak, çagalaryň zehininiň ösmegine  ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezlerini  döretmek baradaky başlangyçlaryny geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň çuňňur düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, ruhy taýdan baý, durmuşda saýlap alan ugry boýunça başarnygyny, zehinini  doly ulanyp bilýän adamlar  bolup ýetişmeginde  örän uly ähmiýete eýe bolar.

Hawa, günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp zamanamyzda  hormatly prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň halkara ülňülerine laýyk  döwrebap  bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  döwletimiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, sagdyn, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun !

Baýmyrat Tuwakow

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Meňzeş makalalar
2014