IŞ­LER SAZ­LA­ŞYK­LY UT­GAŞ­DY­RYL­MA­LY­DYR

Ýaş alym ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat: Ne­pes Sa­par­na­za­row, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň 4-nji ýyl ta­ly­by. Saý­lap alan ug­ry bo­ýun­ça san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gy mak­sat edin­ýän ýi­git bu ba­bat­da il­kin­ji ädi­mi­ni eý­ýäm ät­di. Onuň «Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň sarp edi­li­şi­ne ara­lyk­dan gö­zeg­çi­lik et­me­giň san­ly ul­ga­my» at­ly işi ýaş alym­laryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bol­dy.

Şeýle bir tehnologik gurluşy göz öňüne getiriň! Öýdäki ýa-da iş ýeriňizdäki sarp edilen elektrik togunyň mukdaryny ölçeýän guralyň ornuna haýsydyr bir başga, has döwrebap gurluşy ornaşdyrdyňyz. Onsoň size öýde toguň sarp edilişine häli-şindi gözegçilik edip durmak gerek bolmaýar. Täze oturdan enjamyňyz togy barlaýar, bir aýda ýakylan mukdary SMS habary görnüşinde degişli tok edarasyna we size ugradýar. Başgaça aýtsak, elektrik roboty siziň öýdäki tok bilen bagly hysyrdylaryňyzy eliňizden alýar.

Halypa maslahaty bilen

Hyýalda hemme zat aňsat. Ähli zady göz öňüňe getirip, hyýalyňda janlandyraýmaly. Ýöne bu diýýänlerimizi durmuşa geçirmek welin, asla aňsat iş däl. Şeýle-de bolsa, türkmenistanly talyp ýigit üç ýylyny sarp edip, şeýle tehnologik gurluşy emele getirmegi başardy. Oňa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Nepes Saparnazarow diýýärler.

Şu günlerde Daşoguz welaýatyndaky energogözegçilik gullugynda okuw tejribeligini geçýän talyp ýigit ylym dünýäsine ilkinji gezek aralaşdy. Ony bu täsin dünýä öz okaýan kafedrasynyň ― tehniki ulgamlaryň awtomatikasy kafedrasynyň müdiri Baýram Jumaýew höweslendirdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň göreldeli bilim işgärlerine Baýram mugallymyň öz ady hem tanyşdyr. Kärdeşleriniň arasynda hemişe öňdebaryjylygy bilen saýlanýan mugallym «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda hem üstünlikli çykyş edip, ikinji orny eýeläpdi.

Daşoguzly talyp ýigidiň zehinine ol okuwa gelen ilkinji günlerinden göz ýetiren Baýram mugallym derhal ony ylym dünýäsine atardy. Şeýlelikde, Nepes halypasynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ozal başyna barylmadyk täze bir tehnologik gurluşy durmuşa geçirmäge girişdi...

Zerurlyk, maksat, netije

― Ykbalymy elektrik energiýasy bilen bagly hünäre bagyşlajakdygymy bilýän hem bolsam, Baýram mugallymyň eden teklibi ilki-ilkiler gözüme garaňky göründi. Biz adaty tok ölçeýji gurallara öwrenişipdiris. Ony häzirkisinden hem kämilleşdirip boljakdygy barada pikir hem etmändiris. Ýöne bolýan eken. Baýram mugallym internet arkaly munuň Ýer ýüzündäki birnäçe nusgasyny görkezdi. Dogry, tok ölçeýji enjamlary sanly ulgama geçirmek üçin haýsydyr bir daşary ýurtdan haýsydyr bir tehnologik gurluşy satyn alyp hem bolar. Ýöne ýerli aň, ýerli pikir bilen döredilen täze bir gurluş has başgaça bolar diýen pikire geldik. Onsoň hem biz Türkmenistanyň raýaty hökmünde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň güýjüne ― kuwwatyna belet. Ony gerek derejä çenli nähili peseltmegiň ugruny-utgasyny bilýäris. Şonuň üçin hem ýerli sanly enjam işlenip düzülse, bu ykdysadyýetimiz üçin hem, ylym üçin hem artykmaçlyk boljakdy ― diýip, Nepes işe başlan ilkinji günlerini ýatlaýar.

Şeýlelikde, halypa-şägirt ikisi «Elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň sanly ulgamy» atly işiň başyna bardylar.

«Ylmy işde elektroenergetika ulgamyny sanly esasda ösdürmek we elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň esasynda täzeçe elektron gurluş teklip edilýär. Çünki sanly ykdysadyýeti ösdürmek we hyzmatlary awtomatlaşdyrmak üçin zerur gurluşlaryň, programma üpjünçiliginiň yzygiderli kämilleşdirilmegi hökmanydyr. Şeýle hem elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin onuň sarp edilişini şol pursadyň (real time) özünde hasaba almak zerurdyr» diýip, talyp ýigidiň ylmy gözlegleriniň häsiýetnamasynda aýdylýar.

Nähili düzüldi? Nähili işleýär?

Teklip edilýän akylly ulgamy düzmek üçin gerekli tehnologik gurluşlar Hytaý Halk Respublikasyndan ýörite sargyt edilip getirildi. Şeýlelikde, elektrik togunyň mukdaryny ölçäp bilýän tehnologik gurluş aşakdakylardan ybarat boldy: 1. «Makel» kysymly 1-fazaly elektron hasaba alyjy. 2. «Arduino UNO» mikrokontrolleri. 3. WSP8266 Wi-Fi moduly. 4. LCD – suwuk kristally displeý. 5. 5 woltluk rele moduly. 6. ACS712 kysymly 30 amperlik tok datçigi. Şu zatlar Türkmenistanda ilkinji işlenip düzülen sanly tok hasaplaýjy enjamy emele getirdi. Işiň häsiýetnamasynda hem görkezilişi ýaly, sarp edilýän energiýa tok duýujy datçigiň üsti bilen hasaplanylýar. Has takygy, datçigiň üstünden akyp geçýän toguň mukdaryna laýyklykda, duýduryşlaryň generirlenmek hadysasy döreýär. Soňra şol duýduryşlar mikrokontrolleriň A0 portuna ugradylýar.

Bu datçik Holluň effektine esaslanyp işleýär. Ýagny üstünden I tok akyp geçýän geçiriji materialdan ýasalan plastinanyň perpendikulýar tekizligine we toguň ugruna H güýjenmeli magnit meýdany täsir edip, plastinada magnit meýdanynyň güýjenmesine hem-de tok güýjüne proporsional bolan elektrik hereketlendiriji güýç döreýär. Bu datçigiň generirleýän duýduryşynyň üsti bilen sarp edilýän elektrik energiýasyny hasaplamak üçin, ilki bilen, naprýaženiýanyň bahasy, soňra bolsa elektrik togunyň mukdary kesgitlenildi we mikrokontrolleriň programma üpjünçiligine degişli hasaplamalar ornaşdyryldy.

Umuman, teklip edilýän taslamanyň düzüm bölekleri üç bölekden ybarat bolup, olar giriş signallaryň çeşmeleri, mikrokontroller we ýüklerdir. Zerurlyga baglylykda, akylly ulgamlarda birnäçe mikrokontroller hem ulanylyp bilner.

SMS arkaly habar berer

Netijede, ylmy işde elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň usullaryna, şeýle-de mikrokontrollerli awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmegiň basgançaklaryna seljerme berilýär. Elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan elektron gurluşy hödürlenýär. Taslamada teklip edilýän elektron gurluşyň kömegi bilen SMS hyzmatynyň üsti bilen gözegçilik etmek üçin mümkinçilik döreýär.

Bu nähili bolup geçýär? Elektroenergetika edarasyndan haýsy hem bolsa bir mobil telefon belgisi gurluşyň ýadynda saklanylýar. Soňra belli bir wagt aralygy berilýär. Wagty öz islegiňe laýyk sazlap bolýar. Ýurdumyzda elektrik togy üçin tölegler, adatça, aýda bir gezek kabul edilýär. Şonuň üçin hem täze enjamyň ýadyndaky wagt aralygyny 30, 31 güne sazlap bolýar. Görkezilen wagt tamamlanansoň, enjam şol wagt aralygynda sarp edilen elektrik energiýasynyň mukdary barada SMS habaryny ugradýar.

Bu habary elektrik togundan peýdalanýan müşderä hem ugradyp bolýar.

Kämilligiň soňy ýok

Işi gutarnykly diýip hem hasap edip bolar. Ýöne ony mundan beýläk hem kämilleşdirip boljak. Mysal üçin, geljekde internet giňişligindäki serwerlerden ýörite ýer alyp, şol enjamyň kömegi bilen öýüň eýesi öýdäki togy hemişe gözegçilikde saklap biler. Ilçilik, öýden birnäçe günlük gezelenje ýa iş saparyna gidilende, toguň ýagdaýyna talyp ýigidiň oýlap tapan enjamy gözegçilik edip biler. Öý eýesi, islese, mobil telefonyny internete birikdirip, ondan hem tok sazlaýjy enjamyň Wi-Fi ulgamyna baglanyp, togy wagtlaýynça söndürip biler.

Şeýle hem Nepes bu ulgamy geljekde gaz ölçeýji enjam hökmünde hem ulanyp boljakdygyny aýdýar. Munuň üçin tehnologik gurluşdaky käbir sazlamalary üýtgetmek ýeterlik bolar.

Ylym giňişliginiň tagamyny dadan, lezzetini duýan ýigit elektrik energiýasy babatynda täze gözlegleri geçirmegi hem maksat edinýär. Ýurdumyzda hereket edýän konsepsiýalara laýyklykda, elektrik energiýasy babatynda sanlylaşdyryp, has döwrebaplaşdyryp boljak gurluş kän. Bu babatdaky gözlegleri hut ýaş türkmen alymlarynyň geçirmegi bolsa guwandyryjy ýagdaýdyr.

Agageldi ITALMAZOW, žur­na­list.

“Nesil” gazeti,

17.09.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014