HALK WE WATAN BIRLIGINIŇ KÄMIL NUSGASY

Garaşsyzlygyň binýadyny emele getirýän esasy gymmatlyklaryň hatarynda halkyň we Watanyň birligi esasy orun eýeleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem şol birligiň amal edilmesidir. Halk maddy gymmatlyklary döretmek bilen birlikde, ruhy gymmatlyklaryň hem mizemez çeşmesi bolup durýar. Halk özboluşly hereketlendiriji güýç hökmünde jemgyýetiň taryhyna goldanyp, onuň gönezligini şu günki güne ýetirip, täze döwrüň ösüş aýratynlyklary bilen baýlaşdyrýar. Halk öz tutanýerli zähmeti we egsilmez hyjuwy bilen jemgyýeti, şeýle hem döwleti kämilleşdirýär.

Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde pugtalandyrmakda halkyna bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halk Maslahatynyň kanunçylyk esaslarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden şu güne çenli kemala gelip, baýlaşan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti berkarar etmek ýol-ýörelgesi bilen baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý taryhy tejribesine, asyrlar aşan däp-dessurlaryna daýanyp, döwleti dolandyrmagyň, halk wekilçiliginiň kämil nusgasy işlenip düzülýär.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde başy başlanan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynda iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan işleri alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döredilip, onuň häzirki güne çenli dört mejlisi geçirildi. Toparyň üstünlikli işlemegi netijesinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyp, raýatlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak we pikirini öwrenmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Umumyhalk ara alyp maslahatlaşmanyň esasynda Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär. Halk arasynda uly gyzyklanma döreden taslama boýunça gelip gowşan teklipleriň mazmuny iki palataly gurluşdan ybarat boljak Milli Par­la­men­ti — Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Geňeşi, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmagy giňden goldaýar. Halk Maslahatynyň Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary makullamagy ýa-da ret etmegi bilen bagly kadanyň berkidilmegi bolsa, umumyhalk bähbitleriniň ileri tutulýandygyny alamatlandyrýar.

Döwlet dolandyryşynda we umuman, her bir işiň başy tutulanda halkymyza maslahat salmak ozaldan gelýän milli däpleriň biri bolup durýar. Köklerini irki döwürlerden alyp gaýdýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu günki günde adalatlylygyň, agzybirligiň nyşany bolmak bilen, Garaşsyzlygyň eçilen miweleriniň biri diýsek ýalňyşmarys. Taryhda ähli döwlet we halk ähmiýetli meselelere köpçülik tarapyndan garalan «Halk maslahaty», «Ýaşulularyň maslahaty», «Geňeş» ýaly gadymy demokratik institutlaryň dikeldilmegi bilen birlikde, oňa kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň, palatanyň derejesi, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk berildi.

Konstitusion kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasynda Halk Maslahaty palatasynyň düzümi boýunça welaýatlardan we welaýat hukukly şäherden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti göz öňünde tutuldy. Onuň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmekde bu kadanyň aýratyn möhüm ornuny bellemek gerek. Düzüme saýlanýan adamlaryň hatarynda ýaşlaryň bolmagy ýaş nesliň wekilleriniň hem ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meseleleriniň çözülmegine has işjeň gatnaşmagyna, döwlet ösüşine mynasyp goşant goşmagyna oňaýly şertleri döredýär.

83-nji madda laýyklykda, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyň Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalaryna berilmegi bu institutyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýuridik güýjüni kesgitleýär hem-de işiniň wajyplygyny tassyklaýar.

2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy makullanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlenildi. Netijede, taslama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde iki palatanyň sazlaşykly işlemegi bilen, umumylykda kabul ediler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumymilli forumyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça gyzgalaňly işler tamamlandy. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halky jebisleşdiriji, bir bitewülige çagyryjy wagyz ediş meýdançasy hökmünde çykyş eder. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçiriljek bu forumyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň birine öwrüljekdigi, döwlet bilen şahsyýetiň hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açjakdygy, kanun çykaryjy wekilçilikli edaranyň işini hil taýdan düýpgöter gowulandyrjakdygy, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ilerlemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyndaky ornuny, taryhy mejlisleriniň netijelerini göz öňünde tutup, «Türkme­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýylynda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forumda ediljek çykyşlar Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoluny seljermäge, köplügiň ses bermegi netijesinde gelinjek çözgütler bolsa, onuň dowamlylygyny üpjün etmäge ýardam eder. Oňa ýaşuly nesil bilen bir hatarda, beýleki raýatlaryň hem gatnaşmagy raýat jemgyýetiniň işjeňleşmeginiň, halk demokratiýasynyň dabaralanmagynyň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň berkarar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu, öz gezeginde, halk häkimiýetlilik ýörelgelerine eýerip, ykbal kesgitleýji çözgütleriň kabul edilmegine, döwletliligi pugtalandyrmaga her birimiziň goşant goşmagymyzy göz öňünde tutýar.

Nesip bolsa, halk wekilleri bir ýere jemlener, döwletiň ykdysady ösüşi nazara alnyp, demokratiýanyň döwrebap kämilleşmegine gönükdirilen strategik kararlar kabul ediler, öňde anyk wezipeler goýlar, birnäçe teklipler öňe sürler. Şol wezipeleriň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşini has-da belent derejelere çykarmagy maksat edinýän Türkmenistanyň her bir raýatynyň şahsy işi we mukaddes borjy bilen şertlenendir.

Gülälek TANGIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

24.09.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014