KONSTITUSION ÖZGERTMELER: TARYHY ÇÖZGÜTLER, TÄZE WEZIPELER

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baýra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da — 25-nji sent­ýabr­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly Türk­menista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­lisi ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­rum­da 2020-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bo­ýun­ça ýur­du­myzda ýe­ti­len sep­git­le­re syn be­ril­di, ila­ty­my­zyň durmuş-ýaşaýyş şert­le­ri­ni mun­dan beýläk-de go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi we ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň iki pa­la­ta­ly gur­lu­şy­nyň dö­re­dil­me­gi onuň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak arkaly hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçmek başlangyjyny öňe sürüpdi. Bu teklibiň esasy maksady jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin kanunçylyk binýadyny üpjün etmäge, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Milli Parlamente jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilçilik etmegine we döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge şertleri döreder. Sebäbi hil taýdan täze, iki palataly ulgamyň döredilmeginiň kanunlary taýýarlamaga we olaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaga giň mümkinçilik berjekdigi aýdyň hakykatdyr. Şonuň ýaly-da, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy bolan halkymyzyň döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň nusgalyk derejede üpjün edilmeginde, ýurdumyzda adalatlylygyň kadalaryny doly ykrar etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky ýerine ýetirilmeli işler Konstitusion toparyň 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren guramaçylyk işleriň toplumlaýyn meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy. Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş topary döredildi. Iş toparyň düzümine deputatlar, alymlar, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, tejribeli işgärler we hünärmenler girizildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütleriniň ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynda beýan edilýän kadalaryň many-mazmunyny ilatymyza düşündirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Adalat ministrliginiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň üç tapgyry öz içine alýan iş meýilnamalary tassyklanyldy. Meýilnamalara laýyklykda, deputatlardan we hünärmenlerden ybarat düzümde döredilen wagyz-nesihat toparlary tarapyndan ýerlerde teklipleri öwrenmek boýunça degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda geçiren Konstitusion toparyň dördünji mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň gelip gowşan teklipleriň ählisini hasaba alyp, seljerme geçirmek bilen taýýarlanandygyny, Konstitusiýamyza girizilýän üýtgetmelerdir goşmaçalaryň halkymyzyň demokratik kadalaryna laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýerde Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda tekliplerini we belliklerini bermäge her bir türkmenistanly üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Gahryman Arkadagymyz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak, Halk Maslahaty palatasynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti, şol bir adamyň bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna-da saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadalaryň halkymyz tarapyndan doly goldawa mynasyp bolandygyny Konstitusion toparyň mejlisinde kanagatlanma bilen belläp geçdi. Bu kadalaryň Esasy Kanunymyza girizilmegi ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen adalatlylyk ýörelgelerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şonuň ýaly-da, taslamada ilatymyzdan gelen köp sanly tekliplere laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýändigi beýan edildi. Konstitusion kanunyň taslamasynda kanunlary kabul etmegiň tertibini anyk kesgitleýän kadalara laýyklykda, Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin berilmegi şol kanunlara umumy döwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garalýandygyny görkezýär. Bu bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbidine bir-biriniň işini sazlamaga gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegine mümkinçilik berýär. Konstitusion kanunyň taslamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» diý­lip yglan edilen ýylda Milli Parlamentimiziň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barlan işlere halkymyzyň ýakyndan gatnaşandygyny, bu özgertmeleri giňden goldandyklaryny belläp, Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanylanda döwlet gurluşymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksatlaryndan, öz milli ösüş ýolumyzda toplan tejribämizden we oňyn halkara tejribesinden ugur alnandygy­ny nyg­tap, biz — de­pu­tat­la­ryň öňünde täze wezipeleri kesgitländigini aýtmak gerek. Biz mundan beýläk-de milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryny durmuşa geçirmekde, öz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly jogapkärçiligi duýup, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Meňli DIWANOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.

“Nesil” gazeti,

29.09.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014