Ykballar nurana Arkadag bilen

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk şanly se­ne­si­niň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­ginde gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­batda­ky mej­li­si ag­zy­bir türk­men hal­ky­nyň abadan, bag­ty­ýar dur­mu­şyn­da ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beýläk-de durmuş-ykdysady taý­dan giň ge­rim­de ös­dür­mek­de, ýur­duň kons­ti­tu­sion esas­la­ry­ny ber­kit­mek­de, döw­let do­lan­dy­ry­şynyň de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ni bu ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ribe­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly kä­mil­leş­dir­mek­de öň­de dur­ýan wa­jyp we­zi­peler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşynyň düýp özeninde dünýäde durnukly ösýän, özara bähbitli halkara gatnaşyklarda ynamdar hyzmatdaş hökmünde abraý-hormatdan peýdalanýan berkarar Diýarymyzyň köpugurly ykdysady ösüşiniň, syýasy durnuklylygynyň, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan düýpli tutumlar mynasyp beýanyny tapdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginiň mizemez girewi bolup durýan döwletli tutumlaryň ählisiniň aňyrsynda ýurduň egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesilleriň nurana geljegi baradaky nusgalyk aladalaryň mynasyp beýanyny tapmagy biz — ýaşlaryň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanuna gol çekmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Netijede, ýurdumyzda iki palataly parlament ulgamyna geçilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hemde Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilen bu özgertmeler döwletimizi we jemgyýetimizi umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, bu ugurda toplanylan milli we halkara tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly dolandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem iki palataly ulgama geçilmeginiň kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligine, hil derejesine oňyn täsirini ýetirip, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga hem düýpli itergi berer. Döwlet durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagy, ýurdumyzyň kanunçylyk edarasynyň döwrebaplaşdyrylmagy biz — ýaşlaryň nurana ykbalynda möhüm ähmiýetli wakadyr.

Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemekde alnyp barylýan döwletli tutumlara, bu babatda öňde durýan wajyp wezipelere aýratyn üns çekmegi biz — ýaşlary buýsandyran pursatlaryň ýene-de biri boldy. Şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynyň baş şertleriniň biri hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň bu babatdaky gazanýan köpugurly üstünliklerini buýsanç bilen belläp geçdi. Şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi hemde bu ugurda degişli Maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu tabşyrygynyň pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwer häsiýetlerini, halal zähmet däplerini mizemez durmuş ýörelgelerine öwren ýaşlarymyzyň beýik geljegi gurmakda, ata Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermekde bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrylýan tutumlara mynasyp goşant goşmakdaky ählumumy tagallalara täze itergi berjekdigi guwandyryjydyr.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler, öňe sürlen başlangyçlar ýaş nesilleriň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny has-da pugtalandyrmakda, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşdyrmakda, ýaşlaryň tebigy zehin-başarnyklaryny, isleg-arzuwlaryny, başlangyçlaryny içgin öwrenip, olary goldamakda, höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda geçirilen umumymilli forumyň ýaş nesilleriň ykbalynyň nuranadygyny, röwşendigini ýene bir ýola dünýä ýaýandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, yhlasly zähmet çekmek arkaly ata Watanymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlary bimöçber aladalary bilen gurşap alan Gahryman Arkadagly menziller dowamat-dowam bolsun!

Guwanç ÇENDIROW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

03.10.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014