JA­NY SA­GYŇ — GÖWNI ÇAG

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji jildi çapdan çykdy.

Parahat we asuda Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň şowhuny halkymyza egsilmez güýç-kuwwat we ruhubelentlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde: «Ertirden başlap hemmäňiz toý donuňyzy geýiň!» diýen ýagşy arzuwlary il-günüň şatlyk-şagalaňynyň, täze binalaryň açylyş dabaralarynyň, geçirilen ylmy maslahatlaryň özboluşly badalgasy boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji jildiniň çapdan çykandygy baradaky şatlykly habary aýtmagy bolsa, göwünleri ganatlandyrdy. Bu saglyk bähbitli ajaýyp eser diňe bir lukmanlara däl-de, eýsem, tutuş halkymyza berlen ajaýyp sowgatdyr.

Golaýda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Gahryman Arkadagymyzyň paýhas düründen dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa lukmançylyk ylymlarynyň ösdürilmeginde ençeme işleri bitiren professor-lukmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde alyp barýan taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň edildi. Diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem, uzak obalarda hem gurlup, ulanmaga berlen Saglyk merkezleriniň we öýleriniň, ylmy-kliniki hassahanalaryň raýatlarymyzyň saglygyny goramakda ähmiýeti diýseň uludyr. Olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen abzallaşdyrylmagy bolsa, işleriň has ilerleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde ýurdumyzyň sähralarynda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýerlikli ulanmagyň peýdasy aýratyndyr. Gadymy döwürlerden bäri jana tenekar ot-çöplerden peýdalanyp gelýän halkymyz üçin lukman Arkadagymyzyň giňişleýin maglumat berýän kitaplary bahasyz baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň öňki jiltlerinde atgulak, arpabadyýan, alç, çopantelpek... ýaly her birimiz üçin elýeterli bolan, günde-günaşa diýen ýaly depe-gollarymyzda duş gelýän ösümlikler barada giňişleýin maglumatlar berilmegi guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz gymmatly eserlerinde dermanlyk ösümlikleriň gülünden, ýapragyndan, kökünden, tohumyndan... alynýan dürli melhemleri, jöwherleri, petleri we olaryň ulanyş ýollary barada aýratyn düşündirip geçýär. Elmydama il-halkynyň saglygyny baş aladasy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz mart aýynda Garagum sährasynda iş saparynda bolanda hem şeýle ösümlikleri birjik-de gözden salmady. Ýowşan, sazak, selin, üzärlik, dagdan ýaly giň sähralarda bitýän ösümlikleriň jana derman ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Müň bir derdiň dermany hasaplanýan türkmen topragynda ösüp ýetişýän şeýle ösümlikleriň ýene-de ençemesini öz içine alýan täze kitabyň çapdan çykmagy halkymyzyň begenjini artdyrdy. Raýatlarynyň saglygyny ýurt baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

13.10.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014