SANLY YKDYSADYÝET: ÖSÜ­ŞIŇ TÄ­ZE MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RI

XXI asyr sanly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­ri. Täzeden-täze yl­my we teh­ni­ki açyş­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan hä­zir­ki in­no­wa­si­ýa­lar eý­ýa­myn­da dur­mu­şy­my­zy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­larsyz göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl. Şeý­le bo­lan­soň, hä­zir­ki wagt­da kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak we şeý­le ösüş­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek üçin halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­ly­laş­dyrmak döw­rüň ze­rur­ly­gy­na öw­rül­di.

Häzirki wagtda her bir ýurduň öňde goýan esasy maksatlarynyň biri durnukly ösmek bilen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmek we ahyrky netijede bolsa, ilatyň ýaşaýyş derejesini halkara ölçeglerine kybap getirmekden ybaratdyr. Dünýä ýurtlarynda şeýle ösüş meýliniň bolmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we halk hojalygynyň işini kämil guramagy talap edýär. Munuň üçin döwür bilen aýakdaş gitmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysadyýetiň pudaklaryna täze, iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak hökmany şertleriň biridir. Munuň şeýledigini XX asyryň ikinji ýarymynda bolan, adamzat durmuşyny düýpli özgerden ylmy-tehniki öwrülişikden soňky döwürde gazanylan üstünlikler doly subut edýär. Ol ýurtda ykdysady ösüşi güýçlendirmäge we durnuklylygy gazanmaga ýardam berdi.

Bu günki gün senagatlaşan kuwwatly dünýä döwletleriniň hut innowasion ösüş esasynda şu derejelere ýetendigi hemmämize mälim hakykatdyr. Innowasion ösüşiň gazananlaryny ilkinjileriň hatarynda özleşdirmekleri we tehnologiýalar eýýamynda döwür bilen deň gadam urmaklary bu ýurtlaryň esasy artykmaçlygydyr. Indi şeýle senagatlaşan döwletler sanly ulgama geçmek işinde has-da ilerläp, ýokary derejeli tehnologiýalary öndürmekde, döwrüň soňky gazananlaryny önümçilige hem-de durmuş pudaklaryna ornaşdyrmakda öňdeligi eýeleýärler.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzyň geljekki ykbalynyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň hatyrasyna milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de ähli pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Bu ugurda milli Liderimiz: «Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir» diýip, aýratyn nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde dürli ugurlar boýunça sanlylaşdyrmak işi ýokary depginler bilen alnyp barylýar, önümçiligi ýokary hilli innowasiýalar bilen üpjün etmek we şeýle tehnologiýalara esaslanýan hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda ýokary netijeler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýete geçmek jemgyýetde sanly ulgam endikleriniň kemala getirilmegini we maýa goýumlaryň giňden çekilmegini talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ilata edilýän hyzmatlar tapgyrlaýyn sanlylaşdyryldy, adamlaryň bu babatdaky sowatlylygy artdyryldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgam düşünjesi barada maglumatlar yzygiderli halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirildi.

Gahryman Arkadagymyz: «Däp-dessurlar we innowasiýalar ösüşiň iki tarapydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň taryhyň dürli döwürlerinde geçen şöhratly ýoluny dowam etdirip, türkmen halkynyň milliligine esaslanyp, durmuşyň häzirki sanlylaşdyrylýan eýýamynda halkara maglumat giňişligine hem-de innowasion ösüşe işjeň goşulyşmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde «sanly ykdysadyýet», «sanly lukmançylyk» we «sanly bilim» düşünjeleriniň giňden ýaýran häzirki döwründe sanly ulgam babatda hünär endiklerini kämil ele alan hünärmenleri taýýarlamak hem-de olary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan we Ýer ýüzünde bolup geçýän innowasion üýtgeşmelere çalt uýgunlaşýan nesiller edip ýetişdirmek üçin sanly bilim ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi, bilim alýan ýaşlary okatmakda täze okuw usullary girizildi, ylym ojaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Munuň özi şeýle tehnologiýalar döwründe durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ilatyň akyl mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, kompýuter tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Sanly ulgamy ösdürmek ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň we ylmy-tehniki ugurda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şertidir. Bu babatda aýdanymyzda, dünýäde Türkmenistanyň syýasy we ykdysady taýdan durnukly döwlet hökmünde ykrar edilmegi, ýurdumyzyň amatly geosyýasy giňişlikde ýerleşmegi hem-de tebigy baýlyklaryň uly goruna eýe bolmagy daşary ýurtlaryň we iri maýadarlaryň ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalaryny halk hojalygynyň pudaklaryna gönükdirmegine itergi berýär. Şeýle mümkinçilikleriň bolmagy, öz nobatynda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üpjün etmäge we dünýä döwletleri bilen degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Sanly hyzmatlar ulgamynyň artykmaçlyklary barada aýdanymyzda bolsa, durmuş pudaklarynda we maliýe ulgamda halka edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlanar, nagt däl hasaplaşyklar has-da kämilleşdiriler, durmuş hajatlary üçin sarp edilýän harajatlar we wagt tygşytlanar, ilatyň maglumat üpjünçiligi ösdüriler, ýurdumyzda tehnologiýa ugurly hünärmenler çalt depginler bilen taýýarlanylar. Milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň we elektron hökümetiň döredilmegine, «döwlet-raýat» we «döwletişewürlik» gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, sanly resminamalar dolanyşygynyň üsti bilen maglumat alyş-çalşygynyň tizleşdirilmegine, hususy ulgamdaky edaralaryň we kärhanalaryň sanly ulgama birikdirilmegine, ykdysady ösüşde durnuklylygyň gazanylmagyna hem-de makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornunyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistanda sanly ulgamyň ösdürilmegi halkymyzyň abadan durmuşy we ýagty geljegi üçin täze mümkinçilikleri döreder, ykdysady ösüşiň ýokary sepgitlerine ýetmekde zerur şertleri üpjün eder. Häzirki wagtda «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete toplumlaýyn we yzygiderli geçmek wezipesi üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň we mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň aýdyň güwäsidir.

Jumamyrat Gut­ly­ýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby,

“Nesil” gazeti,

22.10.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014