Daşary syýasatdaky ynamly ädim

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji gününden başlap, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar», döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly halkara gatnaşyklarda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Ýaş türkmen döwletiniň daşary syýasatdaky ilkinji ynamly ädimleri dünýä syýasatynda oňyn Bitaraplygyň täze nusgasyny kemala getirdi. Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan oňaýly, geostrategik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň uly ornunyň barha berkemeginde halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyk söýüjilikli däpleriniň hem täze many-mazmuna eýe bolýandygyny görkezdi.

Garaşsyz Türkmenistan turuwbaşdan beýleki döwletleriň ýol-ýörelgelerine meňzemeýän, olaryň ülňülerine gabat gelmeýän türkmeniň özboluşly milli häsiýetlerinden, däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjiliginden, daşary syýasat ýörelgelerinden ugur alýar. Ilkinji nobatda, hukuk düzgünlerini ileri tutmagy, halkara meselelerini güýç ulanmazdan, özara düşünişmek ýoly bilen çözmegi, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlygy, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty, dün­ýä döw­let­le­ri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gysga wagtyň içinde Merkezi Aziýada bähbitleriň özara gabatlaşýan we utgaşdyrylýan möhüm çatrygyna öwrül­di. Ga­raş­syz­lyk — goň­şy döw­let­ler bilen hakyky hoşniýetli gatnaşyklaryň dikeldilmegine-de, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna-da täsir etdi.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden başlap, Bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Aslynda, Bitaraplyk türkmeniň ganynda bar milli häsiýetdir. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki parahatçylyk we asudalyk baradaky islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy. Milli Li­de­ri­miz 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­tanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybet­li çap edi­len «Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan» atly kitabynda Bitaraplygymyza şeýle kesgitleme berýär: «Türkmenistanyň Bi­ta­rap­ly­gy — mu­nuň özi bi­ziň mu­kaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirtmekde ygtybarly kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli üstünlikleri­mi­ziň esa­sy we mi­ze­mez da­ýan­jy­dyr». Bi­ta­rap­lyk — Türk­me­nis­ta­nyň parahatçylygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deňhukuklylygyň, goňşuçylygyň we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň esasy özeni bolup çykyş edýär.

Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy tejribesiniň miwesidir.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynda döwlet bähbitleri we halkyň ruhy däp-dessurlary birleşendir. Milli Liderimiz: «Bu ýörelge ýurdumyzyň halkara işlerden çetleşdirilmegini däl-de, eýsem, olara işjeň çekilýändigini aňladýar. Şeýle hem ählumumy meseleler boýunça özara kabul edilip bilinjek çözgütler bilelikde gözlenende, ýurdumyzyň parahatçylygy dörediji müm­kin­çi­li­gi­ni açyp gör­kez­ýär» di­ýip belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatynda halkara tagallalara saldamly goşant goşmaga gönükdirilendir. Dünýä bileleşiginde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ilkinji döwletdir. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häsiýetli aýratynlygy onuň Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan yglan edilendigidir.

Aýjeren GARLYÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Baş hukuk geňeşçisi.

“Nesil” gazeti,

10.11.2020ý.

Meňzeş makalalar
2014