Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde zähmet çekýän ýaşlar hakynda söhbet «Biz ýaşlara daýanýarys...» diýen beýik ynamdan döreýän jümläni bu gün her ädimde eşitmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň üstünliklerine goşýan goşantlary hakynda beýan eýlejek ýazgylarymyza hut şeýle jümle bilen girişmegimiz tötänden däl. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň her bir...