Häzirki wagtda döwletimiziň durnukly ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen esasy garalýan meseleleriň biri hem hususy telekeçilik işini ösdürmekdir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmeli....