Dil öwrenmegiň adaty kitap-depderli, gönükmeli usulyndan ýadan bolsaňyz, bu gün size täze bir dil öwreniş usulyny hödürleýäris. Elbetde, aramyzda aýdym diňlemegi halamaýanymyz-a ýok bolsa gerek! Şonuň üçin hem aýdym diňleýän pursadyňyzda täze bir dil öwrenmek, megerem, erbet pikir bolmasa gerek. «Emma biz aýdym diňleýän pursadymyzda iňlis dilini näderejede öwrenip bileris?» diýen soragyň aňyňyzda janlanmagy mümkin....