Ynsa­nyň is­leg­dir hö­we­siniň bel­li bir çä­gi ýok. Ol käteler al-asmanda ganat kakyp, nirede ýyly ýurt bar bol­sa, şol ta­ra­pa göç eýle­ýän guş­lar ýa­ly «müm­kin­çilik ser­het­le­rin­de­nem» ge­çäý­ýär. Ýog­sa mäh­rem oja­gyň ga­py­syndan ätläniňden durmuş üçin gerek­li bo­lan öý goş­la­ryň hem, ýorgan-düşek, gap-gaçlaryň-da ýerbe-ýerdir. Eşik sa­lyn­ýan şkafyňy açsaň ulularyň-da, çagalaryň hem, tü­we­le­me,...