Gündogarda arap dili iň gadymy dilleriň biri hasaplanýar. Arap dili semit diller maşgalasyna degişli bolup, ol Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryny, Arap ýarymadasyny we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň aglabasyny öz içine alýar. Arap dili häzirki wagtda dünýä döwletleriniň 22-den gowragynyň döwlet dilidir. Ol ýurtlaryň hatarynda Yrak, Siriýa, Liwan, Iordaniýa, Liwiýa, Saud Arabystany, Ýemen, Oman, Müsür, Bahreýn,...