Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatdaky özgertmeleriň umumadamzadyň parahatçylygyny üpjün etmäge we durnukly ösüşe gönükdirilmegi dünýä möçberinde uly goldaw tapýar. Ýurdumyzyň döwlet hem-de ykdysady durmuşynyň ähli ugurlarynda degişli kanunlar we kanunçylyk namalary hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň Konstitusiýasy döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň...