Güýzde hoşlaşygyň dogasyny alan baglardyr dal-daragtlar zer donuny geýýärler. Edil toý sowup gelen gelin-gyzlaryň tyllaýy şaý-seplerini, ýaglykdyr gyňaçlaryny ýeke-ýekeden aýryşdyryp, ýerbe-ýer goýşy ýaly, pür-pudaklaryny ýuwaşlyk bilen birme-bir döküp ugraýarlar. Bu tebigatyň kanuny. Ýazda baglaryň pyntyk ýaryp, gunçalap-güllemegi, tomusda hasyla durup, güýzde ýüküni ýeňletmegi dünýä barlygynyň güwäsi. Ýöne, käteler seýregem bolsa, tebigatyň duýdansyz täsirleri bilen hasyl...