Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji gününden başlap, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar», döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly halkara gatnaşyklarda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Ýaş türkmen döwletiniň daşary syýasatdaky ilkinji ynamly ädimleri dünýä syýasatynda oňyn Bitaraplygyň täze nusgasyny kemala getirdi. Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan oňaýly, geostrategik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe...