Günsaýyn ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, innowasion önümçiligi artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň...