2020-nji «Türk­me­nis­tan — Bi­tarap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry halka­ra ýa­ryş­la­ryň iki­sin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ata Wa­ta­ny­my­za ýe­ňiş­li do­lan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Halkara ýaryşlaryň biri şu ýy­lyň ýan­war aýy­nyň 8 — 14-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça «XVI Halka­ra Žau­ty­kow» olim­pia­da­sy­dyr. Abraýly halkara ýaryşynda ýurdumyzyň...