Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen 5-nji «Arpaçaý» açyk halkara bäsleşiginde türkmen karateçileri üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz 1 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç — jemi 8 medal bilen ýurdumyza dolandylar. Altyn medaly 9-11 ýaşly çagalaryň arasyndaky ýaryşlaryň toparlaýyn kumite görnüşinde paýtagtly mekdep okuwçylary Gurbannazar Amandurdyýew, Allanur Ýalkabow, Jora Öwezmyradow dagy gazandylar. Ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eden Wadim...