Goja Zemine ýaz geldi, meýdan gül-pürçüge beslendi. Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa, elwan haly ýazylan ýaly boldy. Şeýle bir owadan güller açylypdyr, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup dur. Meýdanyň arassa howasy keýpiňi göterýär. Ýaşyl begrese bürenen baglardan gözüňi aýrybilmän synlap durşuňa, pyşyrdanyňy duýman galýarsyň:...