Makalalar

SAGDYNLYK RUHUBELENTLIK DOSTLUK

SAGDYNLYK  RUHUBELENTLIK  DOSTLUK
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär, raýatlarymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagyna aýratyn uly üns berilýär. Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ählitaraplaýyn taýýarlyk işleri görülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda üstünlikli geçirilen halkara sport ýaryşlarynyň şowly geçirilmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň...

DOSTLUKLY ÝOL — NURANA ÝOL

DOSTLUKLY  ÝOL — NURANA ÝOL
Halkara zenanlargününiň öňüsyrasynda halkymyzyň: «Il görki öý bolar,  ýaz görki — toý» diýen gadymy pähimi dürli öwüşginleri bilen kalplarymyza şatlyk eçildi. Gül-läleli ýaz paslynyň uz basyp gelmegi bilen tutuş ýurdumyz älemgoşar öwüşginli toý lybasyny geýdi. Diýarymyzyň ähli ýerinde ýaz ýakymly gözellerimiziň baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýaz gülleri bilen gutlandy. Durna-jümjümeli, ýuwa-ýelmikli, zyba...

Türkmen hokkeýçileri — Aziýanyň çempiony

Türkmen hokkeýçileri — Aziýanyň çempiony
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu günki gün türkmen sporty barha ösýär, her bir raýatymyz, aýratyn hem ýaşlarymyz sport we bedenterbiýe bilen içgin meşgullanýarlar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bu ugra uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýakynda türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIIIgyşky Aziýa oýunlarynda gazanan buýsandyryjy üstünlikleri hem...

Sagdyn durmuşyň gönezligi

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ençeme wajyp wezipeleri öňde goýdy. Şonda döwlet Baştutanymyz saglyga zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň we çilim çekmegiň ýaramaz netijeleri barada giň düşündiriş işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagy talap etdi. Aýratynda,...

Jennetiň hüýr perisi,uçmah lälesi...

Jennetiň hüýr perisi,uçmah lälesi...
Bahar paslynyň bu topraga gelşi zyýada.Bahar mähriban topragymyza gözelligiň özi bolup inýär-de,ylhamly ýürekleri şirin mukamlardan doldurýar.Bahar asmandan yşk damjasy bolup damýar-da, dogduk sähralarymyzy läle-reýhan öwüsdirýän ýaz gülleri kalplara röwşenlik eçilýär. Bahar duýguçyl zenan kalbyna şadyýan aýdymlar bolup ornaýar-da, näzikligiň,nepisligiň,pynhanlyga eýlenen ýürekleriň tämiz tarlaryna siňýär. Şonuň üçin hem biz Baharyň ilkinji günlerinde eneleriň, gyz-gelinleriň gözellik toýuny —...

Bag ekmek — sogap

Bag ekmek — sogap
Milli Liderimiziň ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli baglary oturtmak barada alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde Diýarymyzyň tebigaty barha gözelleşýär. Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklary bu gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, şäherara ýokary tizlikli ýollaryň gyralaryny bezeýär. Ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde gözleriň nurlanyp, kalbyňda watandaşlarymyzyň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanç...

Watansöýüjilik mekdebi

 Watansöýüjilik mekdebi
 Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, ýokary milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.  Kitapda milli Liderimiziň Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyny durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylan işler, bu doktrinanyň dolulygyna ýerine ýetirilişi, ata-babalarymyzyň watanperwer häsiýetleriniň biziň döwrümizde ösdürilişi hakyndaky pikirler, watançylyk duýgulary bilen gurşap alýar.  Kitaby okanyňda ýurdumyzyň harby güýçlerinde...

Nesiller Watan baýdagyny göterýärler!

  Nesiller Watan baýdagyny göterýärler!
Ýaşaýşyň nurana öwüşgini siňen mukaddes baýdagymyz agzybirligiň hem asudalygyň, abadançylygyň hem jemgyýetçilik jebisliginiň höküm sürýän erkana Watanymyzyň naýbaşy döwlet nyşanlarynyň biridir. Bu günki günde ol tutuş dünýäde ilkinji we ählumumy derejede ykrar edilen ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletiň nyşany hökmünde kabul edilýär.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ilhalar işleriň gerimi günsaýyn artýar. Erkana...

ÝAŞLAR: KÄMIL HÜNÄR, DÖREDIJILIKLI ZÄHMET, RÖWŞEN GELJEK

ÝAŞLAR: KÄMIL HÜNÄR, DÖREDIJILIKLI ZÄHMET, RÖWŞEN GELJEK
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy döwrebap ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalarynyň özeninde dürli maksatly binalaryň gurluşygyny alyp barmak bilen bagly anyk maksatlar öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň aglaba bölegini ýaşaýyş jaýlarynyň düzýänligi bolsa ilatymyzyň ýaşaýyş medeniýetini ýokarlandyrmak, täze maşgalalaryň özbaşdak öýli bolmagyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Tutuşlygyna döwrebap...

YLHAM BOSSANYNYŇ JOŞGUNY

YLHAM BOSSANYNYŇ JOŞGUNY
Kalbyňda şineläp, şirin zybana sygýan mukaddesligiň iň naýbaşylarynyň biri hem şygryýetiň ylhamly dünýäsindäki gudratdyr. Onuň akar çaý deý dag gerişlerinden towlanyp gaýdýan şerbetli bulagyndan heýjan tapýan göwünleriň günsaýyn artmasy buýsanjyňy goşalandyrýar. Yhlasly başlangyçlaryň taplanyp, ýonulmagynda gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Türkmen edebiýatynda yz galdyran ägirtleriň ruhy hazynasy biziň şu günlerimizde hem özüniň...
2014