BEÝIK DÖWRÜMIZIŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

     «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýaşlara düşündirmek, asylly ýol-ýörelgelerimizi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Öwezowyň çykyşy has-da täsirli boldy. Ol çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän alada, ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda gürrüň berip, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämillleşdirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

     Duşuşykda etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ýol-ýörelgeler, maşgala mukaddesligi, ýaşlaryň edep-terbiýesi, ahlak kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdyldy.

     Duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda döredilýän giň münkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK