Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, ýol hereketiniň kadalaryny, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlaryny öwretmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna has-da jogapkärli garamaklaryny gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreleriň guralýandygy, ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde, olaryň hereketleriniň hem ýygjamlaşýandygy, munuň bolsa, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýändigi, ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde, pyýadalaryň hem jogapkärçiliginiň artýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.