Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň jemgyýetçilik tertip-düzgünini doly berjaý etmeklerini gazanmak, olara ýol-ulag hereketiniň kadalaryny giňişleýin düşündirmek maksady bilen geçirildi. Çärede welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýerli polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri ýol hereketiniň düzgünleri we kadalary, Baş Kanunymyzda bellenilen, jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy we howpsuzlygy, ýol medeniýetini berjaý etmekde hoşniýetli garaýyşlaryň kämilleşmegi dogrusynda täsirli çykyşlar arkaly giňişleýin düşünje berdiler.
Şemşat SÄHETGULYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.