«Üç sany dana goýry kölegeli agajyň aşagynda oturyp, adama geçmişiň, häzirki wagtyň we geljegiň haýsy biriniň has gereklidigini kesgitlemekçi bolýarlar. Hawa, şonda olaryň birinjisi:
– Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa, nädip biljek?! Geçmişde gulagyňda galan, öwrenen zatlaryň boýunça başarnykly bolunýar. Öňki gözüň
ganan adamlaryňa bil baglap bilýärsiň, öň gören zadyňdan başyň çykýar. Şonuň üçinem adam üçin geçmiş has gerekli diýip hasap edýärin – diýipdir.
Danalaryň ikinjisi:
– «Geçeni geçdi bil». Olar saňa nireden gerekli bolsun?! Adam geljegi bilen ýaşamalydyr. Geljek, belkem, maňa öňki görenlerime we ykrar edenlerime
meňzemeýän täze bir zady aýan eder. Men şonuň bilen ýaşaryn, şonda geçmişsiz oňup bolar – diýip, ol hem öz pikirini aýdypdyr. Danalaryň üçünjisi bulary
ünsli diňläpdir-de ýylgyrypdyr.
– Be, siziň ikiňiziň aýdýanyňyz hem biziň aňymyzda ýaşaýan düşünjeler we ýatlamalar. Geçmişiň yzda galdy. Geljegiň bolsa, entek seniňki däl. Adam şu güni bilen ýaşamaly. Adama şu gün has wajypdyr – diýip, ýaňky sowalyň anyk jogabyny aýdypdyr». Gündogar danalarynyň belleýişleri ýaly, öten zaman düýnde galdy, adam arzuwy bilen öňe barýar. Häzirki zaman geljek üçin gerekli gymmatlyklaryň kemala getirilýän döwrüdir. Esasy emele geliş nokady hem şondadyr. Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir. Halkyň medeniýeti şol emele geliş döwründäki netijedir. Däp-dessurlarymyz, halkyň aňynda asyrlarboýy ýaşap gelýän tymsallardyr hekaýatlar, gadymyýetden bäri aýdylyp gelinýän rowaýatlar şu günden geljege barýan köpriniň diregidir, söýesidir. Dünýäde ynsanperwerligi ýaşadýan iň asylly ýörelgeleriň kökleri medeniýetde ýaşaýar.