GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» KITABYNDAN

     Seljuklar döwri, beýleki ägirt uly, taryhy işleri bilen birlikde, beýik ylmy galkynyşyň hem döwrüdir. Bu döwürde Omar Haýýam, Abdyrahman Hazyny, Abu Yshak Şirazy, Abu Hamyt Gazaly, Abdylmälik Juweýni, Ymam Bagawy, Jarulla Abulkasym Mahmyt Zamahşary, Abu Sagd Abdylkerim Semgany Merwezi ýaly ägirtler orta çykypdyr. Bu alymlar ähli eserlerini diýen ýaly arap dilinde ýazyp, yslam medeniýetini dünýä ýaýmaga, ösdürmäge we umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşupdyrlar. Soňra Anuşteginler (1097 – 1231) döwleti döräp, seljuk we gur döwletiniň mirasyna eýe çykypdyr. Anuşteginler döwründe syýasy wakalar agdyklyk eden hem bolsa, bu ýagdaý olaryň ylma we edebiýata üns bermeklerine böwet bolmandyr. Bu döwürde ylmyň dürli ugurlarynda beýik alymlar ýüze çykypdyr. Olaryň aglabasyna soltanlaryň özi işlemek üçin çakylyk edipdir. Mysal üçin, Abu Ybraýym Ysmaýyl ibn Hüseýn el-Jürjäni 1110- njy ýylda Kutbeddin Muhammet Horezmşanyň çakylygy boýunça gelip, 1136-njy ýylda Merwde dünýäden ötüpdir. Eserlerini arap we pars dillerinde ýazypdyr, lukmançylyga degişli «Zahyrat Horezmşa» atly eserini döredipdir. Bu babatda Watwat ady bilen tanalan Reşidedin Muhammet Abdyljelil, Abu Ysmaýyl el-Jürjäni ýaly alymlary hem agzap geçmek bolar.

     Wagşyçylykly mongol çozuşlarynyň netijesinde yslam äleminde iň kyn döwür başlanypdyr. Ýöne bu çozuşlar türkmen halkyny umytdan düşürmändir. Olara Soltan Jelaletdin Türkmeniň gaýtawul berşiniň özi bir uly taryhdyr. Ýeri gelende, bu hakynda gysga gürrüň etmän, alymlar, ýazyjylar tarapyndan aýratyn kitaplaryň ýazylmagynyň gerekdigini nygtamakçy. Soltan Jelaletdin Türkmeniň ýegeni, türkmen soltany Seýfetdin Kutuzyň Aýny Jalut söweşinde (1260ý.) mongol goşunyny derbi-dagyn etmegi başarandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Taryhdan bilşimiz ýaly, soňlugy bilen türkmenler Anadoly topraklarynda we Ortaýer deňzisebitinde ençeme asyrlap yslam medeniýetiniň baýdagyny parladan Osman şadöwletini esaslandyrypdy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3513 okalan

«ALMANY GÖGE ZYŇ...»

25 Noýabr 2024 | 1537 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 7107 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA