SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI WAGYZ EDILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň 1-nji orta mekdebinde «Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýjüdir» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti hem-de bu ýörelgäni her bir adamyň durmuşyna ymykly ornaşdyrmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýol-ulag hereketiniň kadalary, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti we onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle-de, sorag-jogaplar alşyldy.

 

Gülendam SIBULLAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar