Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Arkadag» topary bilen geçirilen duşuşyk (1:5) «Ahal» üçin taryhyndaky ýubileý duşuşyk boldy.
Paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» futbol topary Ýokary ligada 700-nji gezek ýaşyl meýdana çykdy.
Şeýlelikde, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki topar Ýokary liganyň tartyhynda 700 duşuşyk geçiren dördünji topar bolmagy başardy. Sanawyň başynda her haýsy 908 duşuşyk geçiren «Merw» bilen «Nebitçi», üçünji orunda bolsa 843 duşuşykly «Şagadam» bar.
Ýokary ligada arakesmeler bilen çykyş eden «Ahal» 700 duşuşyga uzaýan tapgyrda 303 gezek ýeňiş gazandy, 106 duşuşygyny deňlikde geçirdi, 291 gezek bolsa garşydaşlaryndan ýeňildi. Garşydaş derwezelere 1096 gol geçiren «Ahal» öz derwezesinde 1099 gol gördi.
«Ahalyň» taryhynda bir gezek ― 2022-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolandygyny ýatladýarys
atavatan-turkmenistan
12.09.2024ý.