GARAŞSYZLYK-HALKYŇ ÇÜWEN YKBALY

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, döwlet derejesinde we halkara derejesinde ençeme üstünliklere beslenmek bilen dowam edip gelýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda halkymyz öz naýbaşy baýramyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň otuz üç ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede belläp geçýär. Ata-babalarymyzyň gözüniň göreji deýin ezizlän mukaddes topragynda 33 ýyl mundan öň bagtyň ýaňy bolup dogan «Garaşsyzlyk» atly tylla Günümiziň häzirki günlerimizde Hydyr gezen çöllerde, Kowus gezen daglarda ykbalyny, rysgyny, ömrüni, onuň manysyny ata Watanyna baglan şol gadymy kowymyň nesillerine eçilýän nury has ýakymlydyr.

     Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenip, bedew bady bilen öňe barýar. Ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň sany köpelýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Gazanýan üstünliklerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir. Garaşsyzlyk bu hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Elbetde, bu günki gün güneşli Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýylynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän görlüp-eşidilmedik derejedäki ägirt uly ösüşler Ýer ýüzüniň yklymlaryny haýrana goýýar. Bu bolsa asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi Garaşsyzlygyň bize beren peşgeşi bolup, Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» hem-de Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp jümleleriniň aňyrýany bilen durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

     Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Eziz Diýarymyzyň günsaýyn artýan halkara abraýyna syýasatda ykdysadyýetde, medeni durmuşda gazanylýan tükeniksiz üstünliklerine guwanýarsyň. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň

     - diýen setirleri häzirki ajaýyp döwürde hakyky beýanyny tapdy. Garaşsyzlyk türkmen halkyna uly bagt getirdi. Otuz üç ýyl taryh üçin köp wagt hasaplanmaýanam bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Bu gün türkmen halky Garaşsyzlygyň ajaýyp miweleriniň hözirini görüp, abadan durmuşda ýaşaýar.

     Öňe tarap bedew batly ädimler bilen ädilýän ynamly gadamlarynda ata Watanymyz halkyň özygtyýarly ösüşiniň we döredijilik işjeňliginiň tejribesine daýanyp, rowaçlygyň täze tapgyryny – düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuşynda hakyky özgerişleri gazanmak bilen baglanyşykly täze Galkynyşly döwrüni başdan geçirýär. Munuň özi döwlet ösüşiniň has ýokary derejä göterilmegini, onda durmuşa geçirilýän işleriň ähli ugurlarynyň hil taýdan täzelenmegini aňladýar. Bular bolsa jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy medeni gatnaşyklaryň yzygiderli kämilleşdirilip dowam etdirilmegi bilen üpjün edilýär. Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de galkyndyrmak syýasaty ähli pudaklary we jemgyýetiň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de artdyrmaga, dünýäniň beýleki döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirlendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli aň-düşünjäniň ösüşinde we halkyň ruhy taýdan ýokary göterilişinde mese-mälim ýüze çykýar. Munuň özi Güneşli Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri geçirmäge türkmen halkynyň her biriniň janypkeş, işjeň gatnaşmagynda hem aýdyň ýüze çykýar.

     Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde dünýä meşhur boldy. Dünýä bazarlarynda harytlaryna uly isleg bildirilýän täze-täze önümçilik toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy, awtomobil we demir ýollarynyň, köprüleriň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, nebit, gaz, himiýa senagatynyň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi, ylym-bilim ojaklarynyň, medeni maksatly binalaryň, saglygy goraýyş we sport desgalarynyň yzygiderli we dowamly gurulmagy Türkmenistan döwletimizde halkymyz barada edilýän aladanyň örän ýokarydygyndan habar berýär. Şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, welaýatdyr etrap merkezlerimiziň, obadyr şäherlerimiziň keşbiniň öňküden-de gözelleşmegine getirendigi aýratyn bellemeklige mynasypdyr.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň öndürilişi barha artýar. Welaýatlarda gurlan senagat kärhanalary we toplumlary, oba hojalygynyň önümçilik binalary ykdysady ösüşiň uly geljeginiň bardygyndan habar berýär. Aslynda, bina gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelerdir. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz gün-günden özgerýär, ösýär, barha gözelleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar, ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy yzygiderli berkidilýär. Döwletimiz bagy-bossanlyga bürenip, bazarlarymyz ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär.

     Ýurdumyzda bina edilýän we ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalarynda ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň täze iş orunlary bilen üpjün edilýändigini, zerur önümleriň ençeme görnüşleriniň öz ýurdumyzda öndürilýändigini, oba hojalygynda ulanylýan topragy gurplandyryjy himiki dökünleri we beýleki pudaklar üçin zerur himiýa önümlerini öz bazarlarymyzdan tapyp bolýandygyny indi biz buýsanç bilen aýdarys. Häzirki wagtda Türkmenistan esasy oba hojalyk we senagat önümleri babatda özüni doly üpjün edýän hem-de taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykaryp bilýän döwlete öwrüldi.

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gysga döwürde uly meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi we dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine gazanylýan ykdysady ösüşiň ýokary derejeleri, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler şaýatlyk edýär. Bu döwürde ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen täze gurulýan desgalaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, beýleki durmuş maksatly desgalar gurulýar. Bularyň hemmesi iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolup, onuň ajaýyp keşbi türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi.

     Üstaşyr ulag geçelgeleriniň, gaz geçirijileriň, gara we demir ýollaryň, deňiz hem-de howa menzilleriniň köpugurly ulgamy döredildi, nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikler, erkin ykdysady zolaklar kemala getirildi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky aklyňy haýrana galdyryjy ösüşler bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Gazanylýan bu üstünlikler raýatlarymyzyň esasan hem ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň ösmegine, has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik döredýär.

     Ilkinji günlerinden üstünliklere beslenip dowam edip başlan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz uly bir toýa Garaşsyzlygymyzyň şanly otuz üç ýyllyk toýuny toýlamaga ýokary derejede taýynlyklar bilen barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişlerine besleýän halkymyz üçin bu baýram aýratyn mana eýedir.

     Halk bähbitli beýik işleriň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY