Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýasynyň ýol gözegçilik müdirligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi bilen bilelikde şol hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, mugallymlaryň gatnaşmaklarynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, Türkmenistanyň Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän biraýlyk bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda birnäçe çykyşlara orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygy, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek we bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar dogrusynda buýsanç bilen bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.