«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda etrapdaky Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

     «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlikde   TMÝG-nyň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýnagözel Annamyradowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň  esasy hünärmenleri Aýsoltan Öwezowa hem-de Bägül Gurbanowa Türkmenistanyň Demokratik partiasynyň etrap komitetiniň esasy hünärmeni Selbi Baýramowa dagy çykyş etdiler.  Olar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanan üstünlikler, Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler  barada  täsirli söhbet etdiler.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1536 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY

26 Noýabr 2024 | 614 okalan

BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

25 Noýabr 2024 | 1941 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY