Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagy-bossan Watanym» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşik ýaş nesilleriň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, olaryň gözel tebigatymyza, ösümlik we haýwanat dünýäsine, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmeklerini gazanmak, şekillendiriş sungatynyň üsti bilen ata Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza söýgüni terbiýelemek, ýiti zehinli, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň emin agzalary çekilen suratlaryň hiline, reňk sazlaşygyna, bezegine, mazmunyna, çeperligine, ýaşlaryň oýlaptapyjylyk ukybyna laýyklykda, ýeňijileri kesgitlediler. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara onuň guramaçy jemgyýeti tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Yhlas ANNAWELIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary,
TMÝG-niň işjeň agzasy.