GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

     Dessanlaryň käbirinde iki ýurduň patyşasynyň ýa-da wezir bilen patyşanyň dostlugy hakynda söz açylýar. Dostluk hakyndaky tymsallar Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky wakalarda hem beýan edilýär. Bu ikisiniň dostlugynyň hem öz taryhy bar. Ol barada biziň köpimize çaga wagtymyzda gürrüň berendirler. Şol ýakymly pursatlar siziň ýadyňyzdan çykyşan bolmagy mümkin. Şonuň üçin ony şu ýerde ýatlaýyn diýdim. Patyşanyň perzendi bolmaýar. Gurrandazlar gurra taşlap, müneçjimler asmana seredip, bir gürrüňi beýan edýärler: ýokarda guýrukly ýyldyz görnende, enäniň göwresinde galan çaga üýtgeşik akyl we zehin berilýär. Şol şertde iki oglan we bir gyz – Soltansöýün patyşa, Myraly we Gülpam dünýä inýär. Soltansöýüniň guýrukly ýyldyzyň täsiri bilen üýtgeşik akylly beýleki iki ýoldaşyny gözleýşiniň hem öz taryhy bar. Ol şähere aýlanyp, her hili synag bilen olary tapmaga synanyşýar. Wakalaryň dowamy size tanyşdyr. «Gülpam» dessanyny zehinli dessançy bagşy Gurt Ýakubowyň aýtmagynda diňlänleriň ony unutmajakdygyny bilýärin. Soltansöýün bilen Myralyny ýiti akyl-paýhaslylyklary ýakynlaşdyrýar. Köşkdäkileriň Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky dostluk gatnaşygyna gözleri gidipdir. Olaryň dostlugyna zeper ýetirmäge çalyşýanlaram bolupdyr. Akyl-paýhasyň bahasy ýok. Soltansöýün Myralynyň sözlerinden göwni göterilip, oňa hormat edipdir, aýdan her akylly sözi üçin tylla berýän ekeni. Bir gün wezirleri oňa:

     – Merhemetli soltan, söze tylla berilýän bolsa, söz bizde-de gyt däl – diýipdirler. Soltansöýün:

     Myralynyňky ýaly akylly jogap tapsaňyz, size goşawuçlap tylla bereýin – diýipdir. Wezirleriň biri begenip, Myralynyň ýanyna barypdyr-da:

     – Myraly, seniň akylyň köp ýaly-la, hany, aýt, ýeriň merkezi nirede? – diýip, oňa kinaýaly sorag beripdir. Myraly öz duran ýerini görkezip:

     – Ynha, şu ýeri – diýipdir.

     – Sen ony nädip subut edersiň?

     – Subut etmek şeýle gerek bolsa, şu nokatdan çar ýana aýlan-da ölçäp göräý.

     Soňra wezir:

     – Asmandaky ýyldyzlaryň sany näçe? – diýip, soragyny dowam edipdir. Myraly oňa:

     – Atymyň ýalynyň tarjagazlary näçe bolsa, ol hem şonçadyr – diýip jogap berýär.

     Wezir ony hem subut edip bilmejegine düşünýär. Iki sany ýiti pähimdaryň – Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky dostluk bolsa has berkeýär.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR