GARASŞYZLYK BILEN GALKYNAN DIÝAR, ŞANLY 33 ÝYL TOÝUNA BARÝAR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, «Garasşyzlyk bilen galkynan Diýar – şanly 33 ýyllyk toýuna barýar» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa mekdebiň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlaglar hem-de geçen sanlyja ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan taryhy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky giňişleýin we täsirli çykyşlar bezedi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň alnyndan ak gün bolup dogan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 10 okalan

BIZ SUNGATY SÖÝÝÄRIS

19 Sentýabr 2024 | 31 okalan

«BAGTYÝAR NESILDE» SPORT ÝARYŞLARY GURALDY