Söz ummanynda dürler saçyp, dürlerden akyl-paýhas ummanyny döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň ruhy daýanjy bolup hyzmat edýär. Özüniň parasatly setirleri bilen halkynyň azat, erkin, eşretli durmuşda ýaşamagyny öwüt-ündew eden beýik akyldaryň ismi hemişe ýürekleriň töründe baky orun alandyr.
Onuň şygyrlarynda türkmeniň garaşsyz döwlet gurmagynyň zerurlygy, sebäpleri, peýdalary we halkyň parahat ýaşaýşyna ýetirjek oňaýly täsirleri dogrusynda diýseň çeper, manyly we maňyzly beýan edilýär. Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez şygyrlarynyň üsti bilen özbaşdak döwleti gurmaklygyň zerurlygyny halka düşündirip, oňa ýetmek üçin edilmeli işler barada aýratyn aýdyp geçipdir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, agzybirligiň zerurdygyny nygtapdyr.
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy – Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!
Bu setirlerden türkmenler bilini bir ýere baglasa, maksadyny bir tutsa, bilelikde göreşse, aşyny bir suprada taýýar kylsa, onuň öňünde hiç hili päsgelçiligiň bolup bilmejekdigi, ähli maksatlarynyň-da hökman amala aşjakdygy baradaky pikir, ynam we arzuw syzylyp çykýar.
Magtymguly Pyragynyň beýik hyzmaty öz belent aňyýetini şygyrlaryna salyp, türkmeniň jemgyýetçilik aň-düşünjesini beýgeldenligindedir. Ol türkmen topragyny ýürekden söýmek, onuň ajaýyp gözelliklerine guwanmak, ony gözüň göreji ýaly goramak ýaly ajaýyp pikirleri nesilleriň aňyna mäkäm ornaşdyran, halkynyň aňyna bütewi bir döwlete birikmek, berkarar döwlet gurmak pikirini ilkinji bolup salan beýik şahsyýetdir. Şahyryň:
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
- ýaly ajaýyp setirlerini okanyňda, «Beýik akyldarymyz biziň şu günki özgeren çöl-sähralyklarymyzy synlap, ýazan ýaly» diýeniňi duýman galýarsyň. Ol baryp 300 ýyl mundan ozal halkymyzyň kalbyna bir bütewi döwlet bolanymyzda ýetjek belentliklerimiziň nähili derejede boljakdygyny ymykly ornaşdyrmagy başarypdyr.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
- diýen ýakymly çagyryşy tä mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolýançak merdana halkymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky köňül küýsegine öwrülipdir.
Magtymguly atamyz raýatlaryň bir agza bakyp, döwletiň bütewiligine hyzmat etmelidigini, onuň öňüne düşen adamlaryň bolsa, adyl hem rehimdar bolmagyny öwran-öwran nygtapdyr:
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgun,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgun.
Şahyryň tutuş döredijiligi bilen içgin tanyşanyňda, onuň biziň şu günlerimizi arzuwlandygyna, onuňam hasyl bolandygyna anyk göz ýetireniňde, kalbyň guwançdan dolýar. Ine, biz bu gün Magtymguly Pyragynyň: «Erer ol erkan mydam, budurki türkmen binasy» diýip arzuw eden zamanasyna ýetdik. Türkmen binasy-türkmen döwleti gülleýär, ösýär.
Şahyryň döredijilik älemi düýpsiz ummany ýada salýar. Oňa näçe aralaşdygyňça, şonça-da dürdäne setirlere, täze-täze pikirlere, pelsepewi garaýyşlara berilýärsiň. Külli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlary näçe asyrlar geçip, döwür-döwranlar üýtgese-de, könelmeýär, gaýtam, gadyr-gymmaty barha artýar.
Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu günki gün türkmen halkyny eşretli zamananyň gujagynda ýaşadýar. Beýik söz ussadynyň çoh garaşan berkarar döwletine baş bolup, hormatly Prezidentimiz il bähbitli, ýurt ähmiýetli işlerinde agzybirligiň, asudalygyň, Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň binýadyny berkden tutýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.