Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Gökdepe» toý mekanynda «Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabara jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, dili senaly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy.
Baýramçylyk dabarasyna naýbaşy toýumyz mynasybetli gutlaglar aýdyldy, beýik döwrümizde bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, Garaşsyz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen rowaçly işler hakda gürrüň edildi. Dabara etrabyň medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan taýýarlanan sungat çykyşlaryna utgaşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaň salýan beýik we taryhy tutumlarynyň joşgunly waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar, tans çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.