Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäheriniň döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýändigini, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilýändigini, bu biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreleriň guralýandygyny, ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidikleri barada gürrüň etdiler.
Hurşida ATAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.