Gün günden gülleýän Türkmenistan Watanymyz täzeden-täze ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyz durmuşymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda, bilimde we ylymda kabul edilýän il-ýurt bähbitli kararlary, oňyn syýasaty bilen, barha öňe saýlanýar. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze bilim ojaklarynyň yzygiderli ulanylmaga berilmegi, çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, oba-kentleriň abadanlaşdyrylmagy, umuman, ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bagty üçin edilýän ajaýyp işleriň her biri halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr.
Hak nazary düşen eziz Diýarymyza bagtyň kuýaşy bolup dolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mähriban halkymyzyň kalbyna ylham-joşgun berdi, ömürlere nur çaýdy, köňüllere ýagşydan-ýagşy umyt-arzuwlary berdi. Çar ýanymyzy bagtyýarlygyň, abadanlygyň, mähriň, şatlygyň mekanyna öwren, halky baradaky aladany ähli zatdan ilerde goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz iline, eziz Watanyna bolan söýgi-yhlasynyň dowamat-dowamlylygyny äleme ýaýdy. Ýaşaýşymyzy altyn sepgitler bilen bezäp, ruhumyza synmaz beýikligi beren şeýle ajaýyp döwrüň ýaşaýjysy bolup, ykbal paýymyza düşen bagtyýarlyk içre özümiz baradaky aladany duýup ýaşamagyň özi uly bagt.
1991-nji ýylyň tylla güýzi. Bu taryhy sene biziň her birimiz üçin mukaddesdir, keramatdyr. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk milletiň ruhuna, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýan mukaddeslikdir. Şonuň üçin, biz Watanymyzy jandan ezizläp, söýüp, öz Garaşsyzlygymyzyň mukaddesligine guwanmalydyrys. Biziň geçen taryhy 33 ýylymyzyň içinde Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň özeninde agzybirlik ýatandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiz bu günler senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň her biri hormatly Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň, bagtyýar başlangyçlarynyň agzybirlik we tutanýerlilik bilen durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde, şanly wakalara beslenýär.
Eziz Diýarymyzyň bagtly geljegi üçin alyp barýan işlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýar bolsun! Baýramlaryňyz baýrama, toýlaryňyz toýa ulaşsyn, eziz Watandaşlar !
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.