Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna resmi saparyny amala aşyryp, bir wagtyň özünde türkmen-owgan dostlukly halklaryň durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga bermegi, aýratyn hem Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly halkyň raýatlarynyň kalbynda aýratyn ýakym döretdi. Türkmenistan — Owganystan — Päkistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amal etmegiň çäklerinde goňşy ýurtda ulanylyşa girizilen bu beket sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen elektroenergetika pudagynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berer.
Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyzyň nebitiň we gazyň tebigy gorlaryna baý bolan döwletimiziň ykdysady pudaklaryny ösdürmekdäki, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdaky asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şanly ýylymyzyň ýyl ýazgysynda aýratyn orun alan bu möhüm waka bagyşlap biz hem harby gullukçylarynyň we esgerleriniň arasynda «Dost-doganlyk gatnaşyklary» atly maslahat geçirdik. Täsirli çykyşlara baý bolan maslahatda iki doganlyk ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetinde durnukly ösüşe eýe etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Çäräniň dowamynda esgerler bu şanly we taryhy wakalar bilen baglanyşykly pursatlardan wideoroliklere tomaşa etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.