Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygy, asudalygy, durnukly ösüşi öňe sürýän we onuň durmuşa geçirilmeginde işjeň orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde we dünýä tanatmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem öz nobatynda şeýle asylly maksatlardan ugur alýar. Munda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylyň awgustynda merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi we 2011-nji ýylyň 13-nji aprelinde onuň I maslahaty geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýamyza Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Şwesiýadan, Wengriýadan, Urugwaýdan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Angliýadan, Awstriýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan we beýleki onlarça döwletlerden agza bolmaga isleg bildirýän atşynaslaryň sany barha artýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Taryha nazar aýlasak, türkmen atlary hakyndaky maglumatlar b.e.öňki IV müňýyllyga degişlidir. Şol maglumatlarda halklary ýakynlaşdyrmakda, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde atlaryň ähmiýetiniň ýokary bolandygy bellenýär. Arheologiki tapyndylar, baryp bürünç zamanynda Altyndepede we Marguşda hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi bilen, gadymy Gündogaryň ýurtlary Müsür, Mesopatamiýa, Baktriýa, Sogd, Hytaý, Hindistan bilen söwda, ykdysady gatnaşyklary ýola goýandygy we onda atlaryň ornunyň ýokary bolanlygyny subut edýär.
Taryhçy alym Gereýiň «5000 ýyllyk şumer-türkmen baglanyşyklary» atly kitabynda şumeriň hem-de Änew medeniýetleriniň arasyndaky baglanyşyklar, şeýle-de, şumerler bilen türki halklaryň ata-babalarynyň arasyndaky garyndaşlyk barada maglumatlary getiripdir. Ol ikiörküçli düýe we gunan (at) ýaly käbir haýwanlaryň Orta Aziýanyň tebigy şertlerinde eldekileşdirilendigi we şol ýerden Mesopatamiýa getirilendigi baradaky pikiri öňe sürýär. Mesopatamiýadaky gadymy şäherleriň b.e.öňki 3000-nji ýyllara degişli harabaçylygyndan ýüzüne atyň mifiki keşbi şekillendirilen daş bölekleriniň tapylmagy oňa şaýatlyk edýär. Gadymy Hytaý çeşmelerinde bolsa, «Asman atlarynyň» waspyny ýetirýän maglumatlara duşmak bolýar. Hytaýdan Ortaýer deňiz döwletleriniň kenarýakalaryna çenli uzap gidýän Beýik ýüpek ýolunyň türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salmagynda orny uludyr. Çünki Beýik ýüpek ýoly halklary we ýurtlary birleşdirip, söwda-ykdysady we diplomatiki gatnaşyklaryň ösmeginde oňyn täsir edip, islegi ýokary dürli harytlaryň, önümleriň, mallaryň, olaryň arasynda atlaryň alyş-çalşygyna getiripdir. Bularyň hemmesi, halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna ýardam edipdir.
Türkmen halky hemişe öz bedewine guwanypdyr. Türkmen bedew atyna bolan çäksiz söýgüni, yhlasy biz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinde görýäris.
Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.