Baş saglygym – dünýe baýlygym
***
Saglyk bolsa – beglik bolar
***
Sag başym – soltan başym
***
Altyn başym sag bolsa, altyn käseden çaý içerin
***
Aman bolsa, altyn baş – bela gider bizden daş
***
Başym sag bolsa – döwletim abat
***
Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr
***
Il saglygy – ýurt baýlygy
***
Sabyr eden salamat bolar
***
Saglyk adamyň başyndaky göze görünmeýän altyn täçdir
***
Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur
***
Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy
***
Agşam düşse, höregiňi az iý
***
Bar zadyň sakasy – saglyk
***
Saglygym – baş baýlygym
***
Gyş gamyny ýaz iý, ýatar garna az iý
***
Derdi bolan derman arar
***
Derman – ajy, netijesi – süýji
***
Dertli gutuljak bolsa, tebibi duş gelermiş
***
Kän iýseň – hassa, az iýseň – arassa
***
Sag bolup, sanda däl, hassa bolup – donda
Toplan: Gözel KUŞMEKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.