Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gün şanly sene, uly toý-baýram. Çünki şanly sene-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy barha golaýlap barýar. Bu baýram biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly ýaşamaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr. Bu baýram eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny we milli bitewiligimizi şöhratlandyrýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär hem-de gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Bu senäniň aýratyn bellenip geçilmeginiň aňyrsynda hem uly many, uly mazmun ýatyr.
Garaşsyzlygyň 33 ýylynda Türkmenistan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, daşary syýasatdaky aýgytly gadamlary bilen, halkara giňişliginde öz mynasyp ornuny tapdy. Asyrlara barabar bu işleriň ählisiniň diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşa geçirilmegi mähriban Watanymyzyň abraýynyň halkara derejesine, belent sepgitlere ýetendigi bilen bir hatarda, Watanyny janyndan ileri tutýan halkymyzyň döredijilikli işlemegi, gurmagy, döretmegi başarýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Bilim ulgamy babatynda aýtsak, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürilýär. Rowaçlanýan Watanymyzda ýaş nesliň sagdyn durmuş keşbini dünýä ülňülerine laýyklykda ýaýbaňlandyrmak üçin bahasyna ýetip bolmajak işler alnyp barylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň ugruny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady günsaýyn pugtalandyrylýar.
Aýratyn möhüm ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak barada döwletara ylalaşyklar gazanylyp, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda dünýäniň ösen döwletleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar barha giňelýär. Bilim babatynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Koreýa, Malaziýa, Kanada, Rumyniýa, Ýaponiýa we beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa iberilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň öňünde abraýynyň artmagy bilen bilelikde, Aşgabatda halkara bilim maslahatlarynyň, sergileriniň we bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigi myhmanlara gujagyny giňden açýan gözel paýtagtymyzyň halkara bilim merkezine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Umuman, ýetilen sepgitler barada aýdara zat örän kän. Emma olary söze sygdyryp bolmaýar. Diňe bilim ulgamynda şeýle sepgitlere ýetilen bolsa, ähli pudaklary alyp görsek, onda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň nä derejede ösendigini aýdyň görmek bolýar.
Eziz Diýarymyzyň bagtly geljegi üçin ýadawsyz alyp barýan işlerinde hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýar bolsun. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Baýramlaryňyz baýrama, toýlaryňyz toýa ulaşsyn, eziz Watandaşlar !
Nepes NURYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.