Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi welaýat ýörite sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň, şol sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary we çözgütleri talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Gülläp ösýän Watanymyzy mundan beýläkde ösdürmegiň taryhy wezipeleri» atly şygar bilen maslahat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda maslahatlar köşgünde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys» diýen sözlerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmalydyklary dogrusynda çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, raýatlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler!
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.