Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, hormatly Prezidentimiziň oňyn garaýyşlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzyň bu derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemegi zerarly ýetirilýän zyýanlara garşy göreşmekde, bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek ýurdumyzyň daşary-syýasy strategiýasynyň derwaýys ugry bolup durýar. Bu sebit özüne Hazar deňzini, oňa gelip guýýan derýalary, kenarýaka çäkleri hem-de beýleki tebigy desgalary öz içine alýan bitewi ekologiýa ulgamy bolup, tebigatyna, biologik serişdelerine örän aýawly çemeleşmegi talap edýär. Çünki Hazar deňzi we onuň kenar ýakasyndaky zolak özüniň biologik köpdürlüliginiň täsinligi bilen bütin dünýäde gaýtalanmajak ekoulgamlaryň biri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmekde, ilkinji nobatda, Hazar sebitiniň örän täsin we özüne çekiji tebigy toplum bolup durýandygyndan ugur alýar. Hazaryň ekologiýasynyň möhüm ugry, esasan uglewodorod çig mallary işläp çykarylanda hem-de dürli ulaglarda we magistral turbageçirijiler arkaly daşalanda, deňziň hapalanmagynyň öňüni almak bolup durýar.
Hazar sebiti babatynda alnyp barylýan işleriň netijeli ýola goýulmagynyň wajyplygy bekre görnüşli balyklaryň dünýäde iri sürüsiniň deňziň buýsanjydygy, Hazar düwleniniň sebitiň biologik köpdürliliginiň gymmatly baýlygydygy, deňziň kenar zolagynda guşlaryň uçup geçýän birnäçe yklymüsti ugurlarynyň kesişýändigi ýaly anyk esaslar bilen baglanyşyklydyr.
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda gurlup ulanmaga berlen Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi hasaplanýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň tutuşlygyna “ýaşyl port” halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip düzülmegi, şeýle hem deňziň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, portuň terminallarynda bioarassalaýyş enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, munuň özi, Hazaryň gury ýer we suw gurşawynyň ekologiýa howpsuzlygynyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli tagallalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Oguljennet ÖWEZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.