GARAŞSYZLYGYŇ SAÝRAK BILBILLERI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpelere gülleýän-gül açýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşlerine çuňňur söýgini döretmek, körpelerde ýagşy gylyklary terbiýelemek, watansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk, sylag-hormat, özüňi medeniýetli alyp barmak endiklerini kemala getirmek, çagalaryň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmak, körpelerde türkmeniň milli toý-baýramçylyklaryna, däp-dessurlaryna, aýdym-saz, tans sungatyna söýgi, buýsanç döretmek, çagalara berilýän gözellik terbiýesini kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi mynasyp garşylamak maksady bilen «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly şygar astynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpe aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň arasynda aýdym we tans sungaty boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň şertleri boýunça körpeje çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, bagtly çagalygy wasp edip, edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirmek, şirin we ýakymly, ruhubelent owazy hem-de tans topary bilen bilelikde aýdym ýerine ýetirmek, sahnada özüňi alyp barmakda ussatlygyny görkezdiler.

     Örän gyzykly hem-de şadyýan geçen bu bäsleşigiň jemi boýunça Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bagynyň körpeleri ýeňiji boldy. Bäsleşige gatnaşan ähli körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuruldy.

 

Çynar MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar